Ï Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty artýar

view-icon 856
Şu gün Garabil ýatagynda bu ýerden Gurrukbil ýatagyna çenli çekilen 42 kilometrlik gaz geçiriji boýunça gaz goýbermegi üpjün edýän birikdiriji desga işe girizildi. Häzirki döwürde ulgamyň işini üpjün etmek maksady bilen, Garabil ýatagynda özleşdirilen gaz konldensat guýylarynyň ikisi işe girizildi. Olaryň her biriniň gije-gündizdäki kuwwaty 750-800 müň kub metre barabardyr.

“Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň hünärmenleri bu möhüm desgalary işe girizmegiň häzirki ýokary depginlerini üpjün etmek bilen, ýene-de Garabil ýatagynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň gazçylary tarapyndan burawlanan gaz kondensat guýylarynyň 8-sini özleşdirmek we abatlamak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Bu ýerdäki guýylaryň onusynyň herekete girizilmegi bilen Garabil ýatagyndan taslama boýunça uglewodorod serişdeleriniň goşmaça mukdary alnar. Şeýlelikde,onuň umumy mukdary her ýyl bir milliard kub metre barabar bolar. Garabil—Gurrukbil—Döwletabat-2 gaz geçiriji ulgamy arkaly ugradyljak tebigy gaz bu ýerdäki geljegi uly ýataklardan ýurdumyzyň daşary ýurtly sarp edijilere ugradýan umumy gaz akymyna goşular.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, gaz birikdiriji desganyň we iki sany guýynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň düzümini hemmetaraplaýyn ösdürmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän transmilli ugurlaryny çig mal bilen ygtybarly üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Bu ýerdäki täze desgalaryň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli milli Liderimize gutlag sözlerini aýtdylar hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň meselelerine hemişelik üns berýändigi we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegi, halkymyzyň abadançylygy hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistan ählumumy energetika howpsuzlygynyň netijeli ulgamynyň kemala getirilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürmek arkaly, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda anyk çäreleri görýär. Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň we Türkmenistan --Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň herekete girizilmegi, Hazar deňziniň ýataklarynda tebigy gazyň alnyp başlanylmagy, ýurdumyzyň iri gaz ýataklaryny bir bitewi gaz geçiriji ulgama birikdirjek Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşgy, şol sanda Garabil-Gurrukbil ýataklar toplumy we beýleki iri möçberli taslamalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagynyň hatyrasyna ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod serişdelerinini doly möçberde özleşdirmäge gönükdirilen energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gurluşyk işlerinde aýratyn tapawutlanan gurluşykçylar gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.