Ahalyň düýedarlary aýazly howany üstünlikli ýeňip geçmegi başardylar. Merkezi Garagumyň öri meýdanlarynda termometriň simap sütüni gijelerine käwagt 20 dereje sowgy görkezen wagtlary hem boldy. Galyň ýagan gar örtügi mallaryň öri meýdanynyň ot-çöpi bilen iýmitlenmegine kynçylyk döretdi. Bu ýagdaýda maldarlara ätiýaçlyk üçin tomus-güýz aýlary toplanan ot-iým kömege ýetişdi.
«Türkmenmallary» assosiýasiýasynyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, düýeleriň baş sanynyň gyşdan abat alnyp çykylmagy we olaryň orta tapda dok saklanylmagy düýelerden köşek almak möwsüminiň hem-de ondan soňraky mallaryň gyrkym möwsüminiň şowly geşjekdigine şaýatlyk edýär.
Diňe Baharly etrabynyň «Kirpili» daýhan birleşiginiň fermasynda 25 topara berkidilen 1800-e golaý düýe saklanylýar. Zähmete hak tölenişi bolsa düýelerden alynan köşekleriň ýarysyny çöpanlara bermek usulynda alnyp barylýar.
Türkmen kölüniň gurulyp başlanylmagy bilen, bu pudagy ösdürmäge uly mümkinçilikleri döretdi. Täze zeýkeşleriň çekilen ýerinde täze öri meýdanlary hem-de mallary suwa ýakmak üçin täze ýerler döreýär.