Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň pagtaçylary şu ýyl «ak altynyň» öndürilişini has ýokary derejelere çykarmak üçin häzirden aladalanýarlar. Etrabyň daýhanlary meýdany gowaça ekişine taýýarlmak maksady bilen, howanyň aýazly günleri hem ýaz aladalary bilen ýaşadylar.
Geljekki gowaça ekiljek meýdanlara mineral we organiki dökünleriň gerek bolan mukdary berildi. Esasan hem tejribeli daýhanlar has aýazly günlerde hem işsiz oturmadylar – organiki dökünleri taýýarladylar hem-de ony ekin meýdanlaryna daşadylar. Bu bolsa topragyň gurluşyna ep-esli täsir edýär – topragy gurplandyrýar, onuň hasyllylygyny artdyrýar.
Etrap boýunça şu ýyl gowaça ekişine 14 müň gektar meýdan taýýarlanyldy. Etrabyň pagtaçylary we hünärmenleri her bir kärendeçiniň mümkinçiliklerini, onuň geçen ýylky görkezen netijelerini, tejribesini, meýdanlaryň gowaça ekişine taýýarlanyşyny ýene-de bir gezek seljerdiler.
Bu ýyl tebigatyň özi ekin meýdanlaryny gyş suwy bilen gerek bolan mukdarda üpjün etdi, sürülen meýdanlar gar bilen örtüldi. Bu bolsa ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny we topragyň gurluşyny gowlandyrmada zerur bolup durýar. Etrabyň «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary meýdanlarda tekizlemek işlerini geçirdiler.
Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe göwnejaý taýýarlamak köp babatda etrabyň «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň bölümleriniň işgärleriniň sazlaşykly işlemeklerine bagly bolup durýar. Olar ekiş möwsüminde gowaça ekijileriň 70 sanysyny, ýer tekizleýjileriň 56 sanysyny, kultiwatorlaryň 140 sanysyny we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny ulanmagy göz öňünde tutýarlar.
Etrabyň pagtaçy kärendeçileriniň ählisi gowaça ekişine köpçülikleýin başlanyljak wagty bolan Milli bahar baýramyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Olar bu gymmat bahaly ekini öndürmek boýunça özleriniň boýun alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirmegi maksat edinýärler.