Ï Täze çözgütler döwri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze çözgütler döwri

view-icon 839
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürleri we hünärmenleri işewürligi alyp barmagyň we önümçiligi ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy dünýä tejribelerini öwrenýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hajalygyny ösdürmek boýunça hünärmeninden hem-de birnäçe telekeçilerden ybarat bolan wekilýet maldarçylyk toplumynyň täze taslamasyny işläp düzmek maksady bilen Germaniýada we Awstriýada boldylar.

Türkmen wekilýeti gara mallar idedilýän maldarçylyk fermalarynyň desgalary, önümçilik ammarlary we «Wolf» firmasynyň teklip edýän kottej jaýlarynyň sergi nusgalary bilen tanyş boldy. Teklip edilýän tehnologiýalar gurluşygyň täze usullary, şahsy meýilleşdirme, gurluşyk kadalaryna laýyk gelýän takyk hasabatlary ýerine ýetirmäge şert döredýän ýörite işlenip taýýarlanylan kompýuter programmalary ýaly ugurlary öz içine almagy bilen tapawutlanýar.

Awstriýanyň «Unger» firmasynyň wekilleri demir konstruksiýalary esasynda gurluşygy amala aşyrylýan desgalary – sport mekdeplerini, sport-sagaldyş binalaryny, gök önümler saklanýan we şuňa meňzeş beýleki jaýlary görkezdiler. Biziň işewürlerimiz üçin demir konstruksiýalaryny ulanmak taglymy örän möhümdir hem-de onuň geljegi ulydyr.

Azyk senagaty üçin häzirki zaman tehniki we tehnologiki enjamlary, hususanda, eti, süýdi gaýtadan işleýän enjamlar, mal soýulýan seh, şeýle hem, täze tehnologiýalary işläp düzmäge we olary ösdürmäge maýa goýumlaryny goýýan «Bertsсh» firmasynyň enjamlary maldarçylyk pudagynda köp ýyllaryň dowamynda tejribe toplan telekeçilerde uly gyzyklanma döretdi.

Mundan hem başga, wekilýet maldarçylyk kärhanalarynyň birnäçesine baryp gördi.

Bu firmalaryň we Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň wekilleriniň jogap sapary bilen Aşgabada gelmekleri öňki sapar üstünlikli geçirilen gepleşikleriň dowamy boldy. Bellenip geçilşi ýaly, bileleikdäki taslamalar döredilnde energetikany tygşytlamak, inžener-tehniki işgärlere, taslamaçylara we patentli tehnologiýalara daýanýan ýewropa hiliniň saklanyp galmagynda ýerli serişdeleri peýdalanmagyň hasabyna özüne düşýän gymmatyny azaltmak esasy ugurlar bolar. Daşary ýurtlardan getiriljek harytlaryň ýerine ulanyljak serişdeler we materiallar (elektrik energiýasy, çäge, kerpiç, beton we ş.m.) biznes-hasabatyna giriziler. Olar taslamalaryň özüne düşýän gymmatyny azaltmak bilen, geljekde taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliliginde öňaýly beýanyny tapar.