Ï Burawlar deňize ýalpaklygyna süýşýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Burawlar deňize ýalpaklygyna süýşýärler

view-icon 943
Goturdepe Türkmenistanyň gadymy känleriniň biridir. Ýarym asyr wagt bäri bu ýerden nebit we gaz alnyp gelýär, ýöne şeýle-de bolsa bu ýeriň baýlyklary egsilmeýär.

№№37, 147 burawlardan alnan nebit akymy Goturdepäniň demirgazygyndaky täze känlerde uglewodorodyň baý gorlarynyň bardygy baradaky geologlaryň çaklamalaryny ýene-de bir gezek tassyklady. Häzirki wagtda bu käni özleşdirmeklik boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu günler buraw wyşkalary , yzynda ymgyr çägelikleri galdyryp deňze tarap-onuň ýalpaklygyna ýakynlaýarlar.