Ï Telekeçiler Balkan welaýatynda gurluşyk işlerini ýaýbaňlandyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçiler Balkan welaýatynda gurluşyk işlerini ýaýbaňlandyrýarlar

view-icon 795
Ýakyn wagtyň , ýagny 5 ýylyň içinde Balkan welaýatynda 42 sany işewürlik taslamasyny durmuşa geçirmeklik meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda umumy meýdany 100 gektar bolan Türkmenistanyň telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň Balkan welaýatynyň senagatçylar merkeziniň gurluşygy hem bar. Bu ýerde önümçilik desgalary hem-de iş edara binalary hem bolar. Ýerli hususy gurluşyk kompaniýalary üçin 50 gektar meýdanda senagat şäherçesiniň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Bu ýerde kerpiç, demir gurluşlary, üçeklik materiallary, poliuretan önümlerini, keramziti öndürýän zawodlar we ýuwulan ownuk çagyly öndürýän karhana gurlar.

Oba hojalyk ulgamynda hem birnäçe taslamalar badalga alýar. Meselem, Serdar, Etrek, Magtymguly etraplarynda üzümiň we miweli agaçlaryň plantasiýalary ýerleşer. Mundan başga-da Serdar etrabynyň Bendesen obasynda geçi mallaryny idedýan fermasy we et, aýran, peýnir öndürjek gaýtadan işleýän önümçilik kärhanasy , Türkmenbaşy we Magtymguly etrabynda bolsa gara mallary köpeltmek boýunça maldarçylyk toplumy gurlar.

Balkanabat we Serdar şäherinde, Esenguly etrabynda ilata durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça köpugurly merkezleriň gurluşygy boýunça işewürlik taslamalary hem bar. Şeýle -de Serdar we Türkmenbaşy etraplarynda, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde täze häzirkizaman söwda merkezleri gurular.

Türkmenistanyň öz ulag aragatnaşyklaryny ösdürýänligini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy-Aşgabat-Türkmenabat uly awtoýolunyň ugrunda iki sany hyzmat ediş merkezi we ýük awtoulaglar üçin duralga gurmaklyk meýilleşdirilýär.

Bu gurluşyklaryň gerimi birnäçe müň adama işlemeklik üçin mümkinçiligini döreder we täze gurulýan desgalaryň işe girizilmegi bilen bir müňden gowrak täze iş ýerleri peýda bolar.