Ï GIPERMARKET- şäher içinde şäher
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GIPERMARKET- şäher içinde şäher

view-icon 872
Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesi ýurdumyzda ilkinji gipermarketiň gurluşygyna başlaýarlar. Bu äpet söwda merkeziniň umumy meýdany 100 müň kw.metr bolup, ýene 35 müň kw.metr meýdany bolsa işlemek üçin işewürleriň iş jaýlaryna niýetlenendir. Gipermarketiň gurluşygy 2012-2014-nji ýyllarda amala aşyrylyp, bu uly taslamany durmuşa geçirmeklik üçin 3 müň adam işlär. Türkmen telekeçileriň ygtyýarynda zerur tehnikalar bar we eýýäm zerur bolan gurluşyk harytlary satyn alnyp başlandy.

Gipermarketiň taslamasyna laýyklykda harytlaryň görnüşlerine esaslanyp, bu äpet söwda merkeziniň içi zolaklara bölüner we alyjylaryň köp wagtyny gipermarketde rahat geçirmekligi üçin öňaýly şertler dörediler. Munuň üçin jemgyýetçilik iýmiti nokatlary, harytlary gaplamak üçin ýerleri, çagalar üçin oýun meýdançalar we dynç alyş ýerleri dörediler.

Hususan-da gurluşyk harytlary, durmuşda ulanylýan tehnikalar, awtoulaglar merkezi ýerasty gatda , dükanlar, supermarket, çörek we konditer önümleri taýýarlaýan bölümler 1-nji gatda, 2-nji gatda bolsa çagalar, zenanlar we erkekler uçin niýetlenen egin-eşikler bölümi, sport dükanlary we fitnes-klublar ýerleşer. 3-nji gatda 360 kw.m. meýdany bolan buzda typmak üçin katok, kinoteatr, internet kafe, gözellik salonlary, bilýard we bouling oýnamak üçin ýerler, köpsanly restoranlar we kafeler öz ornuny tapar. Daş töweregi synlamaga mümkinçiligi bolan restoranlaryň gurluşygy üçin 600 kw.m ýer bölündi.

Göwnüň islän zadyny satyn alyp boljak giň söwda zallaryndan başga gipermarketiň binasynda alyjylara üçin durmuşy taýdan hyzmat ediş nokatlary, ýagny aragatnaşyk , walýutalaryň alyş-çalyş nokatlary, dermanhanalar, çagalar otaglary we ş.m. bolar.

Müşderiler üçin bir wagtyň özünde 1400 ulagy sygdyryp biljek awtoulag duralgasy dörediler. Bu ýerde 50 sany awtoulagly, şol sanda harytlary öýüňe eltip bermek üçin taksopark hem göz öňünde tutulan.