Ï Türkmenistan-Beýik Britaniýa: özara bähbitli işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmak ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Beýik Britaniýa: özara bähbitli işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmak ugry bilen

view-icon 818
Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň britan tarapyndan başlygy jenap Ronald Neşiň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolýar. Wekiliýetiň düzüminde Beýik Britaniýanyň iri kompaniýalarynyň 40-a golaýynyň, şol sanda “Aero Assets Ltd”, “A.J.W. Aviation”, “В.G Group”, “BP Eхploration Operating Company Limited”, “Bridgehouse Capital”, “BSP International Founddations Ltd”, “Cape Industrial Services Europe Limited”, “Construction Eguipment Association”, “De La Rue”, “Eagle Scientific Limited”, “Eurasia Group”, “Gomaco International Ltd”, “HSBC Bank PLC”, “Over Arup & Partners”, “Petrofac”, “Shell International Ltd” we beýleki kompaniýalaryň wekilleri bar. Şu gün Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde myhmanlar ýurdumyzyň hökümetinde we ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesinde kabul edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşikleriň gün tertibine türkmen-britan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek we öň gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Jenap Ronald Neşiň nygtaýşy ýaly, Beýik Britaniýanyň hökümeti ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda oňyn daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, gurluşyk, syýahatçylyk we sport, şeýle hem ylym-bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Beýik Britaniýanyň esasy kompaniýalarynyň biziň ýurdumyzda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryna gatnaşmaga çalyşýandygyny aýtdy. Myhmanlaryň nygtaýşy ýaly, türkmen bazarynyň geljeginiň uludygy we maýa goýumlaryny goýmak hem-de daşary ýurt kompanýalarynyň netijeli işlemegi üçin Türkmenistanda döredilen amatly şertler işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, britaniýaly hyzmatdaşlar türkmen tarapyna toplanan uly tejribäni we dürli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary hödürlemäge taýýardygyny beýan etdiler.

Türkmenistanyň hökümetinde, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginde, “Türkmengaz” döwlet konserninde we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu pudagyň geljeginiň uludygyny, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýlaşdyrmaga gönükdirilen energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, myhmanlar türkmen Lideriniň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyçlarynyň aýratyn derwaýysdygyny nygtadylar.

Britan wekiliýetiniň agzalarynyň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserninde, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinde, Merkezi bankda, Daşary ykdysady iş bankynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda, Bilim, Aragatnaşyk, Gurluşyk, Gurluşyk materiallary senagaty, Maliýe ministrliklerinde, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetde hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.