Ï Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwaty artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwaty artýar

view-icon 1189
Üňüz aňyrsyndaky Garagumda täze Kerwen gaz-kondensat ýatagy senagat taýdan özleşdirmek üçin ulanmaga berildi

Lebap welaýatynyň Üňüz aňyrsyndaky Garagumda gaz çykarylýan demirgazyk sebitinde täze Kerwen gaz-kondensat ýatagy senagat taýdan ulanmaga berildi. Başlangyç tapgyrda bu ýerde ilkinji gazly guýy – 6-nji guýy işe girizildi, bu ýerde her gije - gündizde gaz geçiriji ulgama “mawy ýangyjyň” 650 müň kub metrine çenli möçberi akdyrylýar. Kerwen ýatagyndan uglewodordod kondensatynyň ilkinji ýüzlerçe tonnasy çykaryldy. Häzirki wagtda bu ýatakda ulanyş guýularynyň ýene-de ikisini burawlamak işleri alnyp barylýar.

Kerwen gaz kondensat ýatagynda ýüze çykarylan önümli gatlaklarda “mawy ýangyjyň” milliardlarça kub metri bar. Gazly gatlaklar takmynan üç ýarym müň metr çuňlukda ýerleşýär, munuň özi ýatakda gazy senagat taýdan çykarmak üçin özleşdirmegiň we taýýarlamagyň barşynda has kämil tehnologiýalaryň, geologiýa we ylmy-tehniki gazanylanlaryň ulanylmagyny talap etdi.

Üňüz aňyrsyndaky ürgün alaňlarda “Türkmengaz” Döwlet konserininiň “Lebapgazçykaryş” önüimçilik müdirliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň “Lebapgazgurlyşyk” gurluşykçylary tarapyndan gaz çykaryjy düzüme degişli ähli desgalar guruldy. Şonda gazy deslapky görnüşde taýýarlaýan desga, gaz ýygnaýjy ulgam guruldy, ulanyş guýularynyň hanalary birikdirildi, gaz geçiriji kollektor, ýangyç guýulýan gaplar, energetiki desgalar we beýlekiler bina edildi.

Guýudan çykarylýan gaz we gaz kondensaty Demirgazyk Balguýudaky gazy gaýtadan işleýän toplumyň esasy desgalaryna iberilýär. Uglewodorod serişdelerini ibermek üçin turbalardan ýokary basyşly esasy gaz geçiriji we Kerwen – Babarap – Demirgazyk Balguýy konsensat geçiriji çekildi, bularyň her biriniň uzynlygy 45 kilometrden geçýär.

Demirgazyk Balguýudaky desgalarda gaz arassalanýar, guradylýar, taýýarlanýar we şondan soňra Naýypdaky gazy gaýtadan işleýän topluma iberilýär, bu toplum täze ýatagyň ulanmaga berilmegi bilen çig malyň ýene-de bir çeşmesi bilen baglanyşdyryldy. Ýakyn wagtda bolsa bu toplum ýene-de bir çeşme bilen baglanyşdyrylar. Häzirki wagtda Üňüz aňyrsyndaky Garagumda Babarap gaz kondensat ýatagy hem ulanmaga bermek üçin taýýarlanýar, bu ýerde ilkinji guýyny senagat taýdan özleşdirmek işi tamamlanyp barýar. Geljekde bu ýerde-de, Kerwende-de beýleki gazly guýular ulanylyp ugralar, munuň özi her ýylda çöldäki ýataklardan tebigy gazyň milliardlarça kub metrini we uglewodorod kondensatynyň onlarça müň tonnasyny çykaryp almaga mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, diňe bir gazy sarp edijiler däl-de, eýsem, gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän dury nebit önümlerine öwürýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody hem çig malyň ýene-de bir çeşmesi bilen baglanyşdyrylar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz alada etmegi we goldamagy netijesinde, Lebabyň gaz çykaryjy we gazy gaýtadan işleýän senagaty welaýatyň ykdysadyýetiniň wajyp ähmiýetli pudagyna öwrülip, onuň ösüşine güýçli itergi berildi. Soňky ýyllarda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylmagy gaz çykarýan desgalary ep-esli artdyrmaga, Üňüz aňyrsynda öňden bäri ulanylyp gelinýän Kerpiçli, Naýyp, Demirgazyk Balguýy ýaly ýataklarda, şeýle hem Türkmenabatdan 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän Malaý ýatagynda gaz toplaýjy ulgamlaryň işini täzeden dikeltmäge mümkinçilik döretdi. Galyberse-de, ozal ulanylmadyk guýularyň, gaz toplaýjy ulgamlaryň, şeýle hem bu düzüme degişli beýleki desgalaryň toplumlaýyn durkunyň täzelenilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän toplumyň ikinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi muňa degerli ýardam berdi.

“Lebapgazçykaryş” müdirliginde TDH-niň habarçysyna habar berilmegine görä, ýakyn geljekde Lebap welaýatynda gaz çykarylýan ýataklarda gaz çykaryjy desgalaryň düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça uly möçberli täze taslamalaryň ýene-de birnäçesi amala aşyrylar. Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de Malaý gaz ýatagynda türkmen gazynyň daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak üçin, kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr gaza barabar bolan gaz gysyjy stansiýasynyň gurluşygyna girişildi. Bu täsin galdyrýan toplum gazy gaýtadan gysyjy kuwwatly desgalardan we döwrebap inženerçilik-kommunikasiýa, energetika, ýaşaýyş-durmuş we beýleki desgalardan ybaratdyr.

Naýyp gaz kondensat ýatagynda bolsa ýene-de bir döwrebap desganyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Bu senagat toplumy uly we kiçeňräk desgalaryň birnäçesinden ybaratdyr hem-de ýataklaryň 20-sinde gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin niýetlenendir. Täze senagat kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi bilen, gazyň çykarylýan möçberi milliard kub metre golaý artar.

Bu desga kuwwatly, döwrebap enjam we kämil tehnologiýa, şol sanda iki basgançakly enjamlar bilen üpjün ediler. Ýakynda ilkinji gysyjy desga ulanmaga berildi, munuň özi her gije-gündizde çykarylýan gazy 2 million kub metrden gowrak möçberde artdyrmaga mümkinçilik berdi, şeýle hem azot-kislorod stansiýasy işläp ugrady. Toplumdaky ähli desgalary şu ýylyň dowamynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar, bu bolsa türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kuwwatlyklarynyň artmagyna gürrüňsiz täsir eder.

Lebap welaýatynda täze häzirki zaman gaz çykaryjy düzümiň desgalarynyň işe girizilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň

Türkmenitanyň ykdysadyýetiniň bu strategiki pudagyny toplumlaýyn ösdürmek baradaky maksatnamasynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň öňünde goýan uly möçberli wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky ýene-de bir ädime öwrüldi.