Ýurdyň goýundarçylyk hojalyklarynda mallardan owlak-guzy almak möwsümi başlandy. Şeýle bolansoň «Türkmenmallary» assosiasiýasynyň maldarçylyk we weterinariýa Ylmy-barlag institutynyň işgärleri köp pudakly we beýleki maldarçylyk daýhan birleşiklerinde, esasan hem tohumçylyk hojalyklarynda bolýarlar. Ihstitutyň hünärmenlerine önümçiligi ýola goýlan iri hojalyklary bilen bir hatarda ýaş kärendeçiler hem garaşýarlar. Sebäbi ýaz aýlarynda olaryň aladasy ýetik bolýar.
Mallaradan owlak-guzy almak möwsümi başlanmazyndan ozal zootehnikleriň, weterinarlaryň we hojalyklaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem «Türkmenmallary» assosiýasynyň maldarçylyk we weterinariýa Ylmy-barlag institutynyň ylmy işgärleriniň gatnaşmaklarynda hemme ýerde okuw maslahatlary geçirildi. Maslahatlarda goýunlaryň garaköli tohumynyň dürli ugurlar boýunça seçgisi barada maslahatlar berildi. Şular ýaly maslahatlarda tohumçylyk işleriniň jemlerine ýerinde baha bermek üçin maldarlaryň ýanyna – öri meýdanlaryna gitmeklik göz öňünde tutuldy.
- Häzirki döwürde garaköli tohumyny köpeltmek gymmat bahaly bagananyň senagat önümçiligini göz öňünde tutman, eýsem etlek we ýüňlek tohumynyň hilini gowlandyrmaga hem-de tohum mallaryň baş sanyny artdyrmaga gönükdirilendir diýip, institutyň uly ylmy işgäri Jumageldi Aýtmämmedow gürrüň berýär. – Bu gün «Türkmenmallary» assosiýasynyň düzümine girýän 86 maldarçylyk hojalyklaryna tohumçylyk işleri üçin 20-den gowrak: düýedarçylyk boýunça – 5, gara mallar boýunça 4, goýundarçylyk boýunça – 14 hojalyk, şol sanda goýunlaryň garaköli tohumyny idedip ýetişdirýän hojalyklaryna bölünip berildi. Şeýle hojalyklar ýurdyň Mary, Balkan, Ahal we Lebap welaýatlarynda bardyr. Holalyklaryň kärendeçileri, aýratyn hem garaköli goýunlaryny ösdürip ýetişdirýän, öz işlerinde Ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň kömek hökmünde berýän maslahatlaryna daýanýarlar. Sebäbi, dürli tohumly mallary ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işleri maldarçylyk çärelerine dürli çemeleşmeleri, tohumçylyk ugurlaryny saklamak üçin seçgi işleriniň düzgünlerini berk berjaý etmegi talap erýär. Häzirki wagtda biziň institutymyzyň işgärleri mallaradan owlak-guzy almak möwsümine, şeýle hem goýunlaryň gyrkym işlerine, guzylary saýlamak, tohumçylyk önümlerini hojalyklar boýunça bölmek işlerine işeňňir gatnaşýarlar.
Ýaş mallary tohumçylyk sürülerine bölmek üçin, garaköli guzylar eneden bolan badyna olaryň berk bedenlileriniň we gowy hilli nesil alamatlylarynyň gulaklaryna belli bir şekil bilen bellik edýärler. Bu iş mallara hil taýdan baha bermek diýlip atlandyrylýar. Şunlukda bu bellik kä wagt bolaýmasa, hemmesinde diýen ýaly saklanyp galýar. Goýunlara bolsa topara, ýalpyldysyna we buýralarynyň ýumşaklygy boýunça saýlamaklyga has berk ugurlar boýunça çemeleşilýär. Şeýlelik bilen mallaryň baş sanyny durnukly artdyrmak we tohumy gowlandyrmak üçin tohum sürilerinde ene goýunlarynyň azyndan 70 göterimi galmaly. Bu bolsa tohumçylyk işlerini netijeli alyp barmaga we mallaryň baş sanyny has artdyrmaga öz oňaýly täsirini ýetirýär.
Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän garköli goýunlaryny esasan hem dört topara bölýärler – žaket, gapyrgaly, tekiz we kawkaz toparlara, reňki boýunça bolsa, ol çal, sur (reňkli), gara we kümüşsow reňkleri boýunça tapawutlanýar. Tekiz we gapyrgaly garaköli biziň ýurdymyzda ХХ asyryň ahyrlarynda ösdürilip ýetişdirildi.
Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşigi garaköli goýunlaryny ösdürip ýetişdirýän iri hojalyklaryň biridir, biziň ýurdymyzyň çagindäki iň baýry hojalyklaryň biri bolsa, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky «Amyderýa» daýhan birleşigidir. Bu ýerde köp onýyllyklaryň dowamynda önümli garaköli goýunlarynyň gara reňkli žaket görnüşli baganaly goýun ösdürilip ýetişdirilýär. Bu daýhan birleşigi garaköli goýunlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin tebigat tarapyndan döredilen ajaýyp şertli howa-toprak hem-de öri meýdanlary bolan Köýtendagynyň eteklerinde ýerleşýär. Şonuň üçin hem hut şu ýerde haçan-da bir wagtlar Türkmenistanda ilkinji tohumçylyk hojalygy döredildi. Häzir bu hojalygyň dürli tohumlardan – dört sany tohum garaköli goýunlaryndan ybarat bolan goýun sürüleriniň 80-inde 50 müňden gowrak mal idedilýär. Häzirki wagtda bu hojalygyň mallary bu ýerde alnyp barylaýan maldarçylyk çarelerine işeňňir gatnaşýan institutyň alymlary tarapyndan berk gözegçilikde saklanylýar.