Ýakyn wagtlarda Aşgabadyň we Abadanyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň hem-de Türkmenabadyň demir-beton önümleri kärhanasynyň durky düýpli täzelener.
Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrligi –gurluşyk abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmäge, häzirki zaman tehnologiýaly enjamlary getirmäge hem-de olary gurnamaga we işe girizmäge dalaş edýän geljekgi potratçylaryň arasynda bäsleşik yglan etdi. Bu kärhanalaryň önümçiligini täzelemekden we döwrebap enjamlaşdyrylmagyndan daşary hem olaryň işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite okuwlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kärhanalarynyň durkunyň täzelenilmeginiň hem-de kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynyň zerurlygy ýaşaýyş jaý gurluşygynyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolandygy ýurdumyzda gurulýan desgalaryň hiline we ygtybarlylygyna talabyň ýokarlanandygy, şeýle hem paýtagtymyzda we sebitlerde iri möçberli binagärlik şäher gurluşyk maksatnamalarynyň amala aşyrylýandygy bilen şertlenendir.