Türkmenistanda ýurdyň dokma senagatyny durnukly ösdürmek üçin zerur bolan şertleriň ählisi döredilendir, maýa goýumlar üçin gerek bolan binýat bilen üpjün edildi, pagtanyň ýeterlik mukdary öndürilýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde täze kärhanalary gurmak, hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemäge we olary täze tehnikalar bilen üpjün etmäge ABŞ-yň 1 milliard 300 million dollary göýberildi, özi hem onuň 300 mln. dollary daşary ýurt maýa goýumlarydyr.
Bu günki gün Türkmenistanyň dokma senagatynda pagta egiriji, dokma fabrigi, dokma toplumlary, tikin fabrigi, derini ilkinji gaýtadan işlemek boýunça zawodlarlar ýaly kärhanalaryň 74-si işleýär. Umumylykda Türkmenistanyň garaşsyzlygy ýyllary içinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen dokma kärhanalarynyň otuzdan gowragy ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýurtda öndürilýän pagta süýmüni gaýtadan işlenilmginiň kuwwatyny 3 göterimden 51 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Soňky ýyllaryň dowamynda dokma pudagynda 10-15 göterim derejesinde durnukly ýokary ösüş depgini gazanyldy. Dokma önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde ýokary ösüş depginleri gazanyldy. Hususanda, 2000-nji 2011-nji ýyllar aralygynda nah ýüplügiň öndürilişi 2,2 esse, nah matanyň öndürilişi 3 esse artdy. Pudakda öndürilýän dünýä ölçeglerine laýyk gelýän nah ýüplükleri we matalary, trikotaž matalary, taýýar tikin önümleri içeri we daşary bazarlaryň satyn alyjylarynda uly islegden peýdalanýar. «Türkmenistanda öndürildi» belgili dokma önümleriniň daşary ýurtlara iberilişi 4 esse köpeldi. Bu günki gün pudagyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň mukdary ABŞ-niň 400 million dollaryndan hem artýar.
Bu gün ýurtda öndürilýän önümiň 70 göterimden 80 göterime çenlisi Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, ABŞ, Kanada, Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Wengriýa, Ukraina, Baltika döwletlerine we beýleki ýurtlara iberilýär.
Daşary ýurt kompaniýalary we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky ýaly halkara maliýe institutlary, iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýan «Misubisi Korporeýşn» (Ýaponiýa) kompaniýasy we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi dokma pudagynyň mundan beýläk hem çaltlandyrylan depginde ösmegine itergi berer.
Pudakda halkara ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň öndürilişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. «Türkmenbaşy dokma toplumy», «Türkmenbaşy jinsi toplumy», «Serdar» pagta egiriji kärhanasy ýaly kärhanalar öz öndüren önümleri üçin ISO 9001 we «Önümçiligi we hil barlagyny dolandyryş ulgamy» 9002, şeýle hem «Daşky gurşawy goramak» ISO 14001 halkara şahadatnamalaryna mynasyp boldylar. «Ikeýa», «Kalwin Klýaýn», «Sara Li», «Wol Mart», «Miss Erika» we beýleki iri halkara kompaniýalary «Türkmenistanda öndürildi» belgili önümleriň hemişelik buýuryjylary we satyn alyjylary bolup durýarlar.
Tassyklanan maýa goýum meýilnamasynyň çäklerinde diňe soňky geçen iki ýylyň dowamynda birnäçe taze kärhanalar işe girizildi. Olaryň hatarynda Aşgabatdaky medisina pamygyny we kosmetiki pamygyny öndürýän kärhanasyny, Merkezi Aziýa sebtinde iň iri kärhanalaryň biri bolan Türkmenabatdaky pagta egirýän, Daşoguzdaky, Gökdepedäki kärhanalary görkezmek bolar. Sintetiki we pagta süýmlerini goşmak bilen garyşyk ýüpligi öndürýän kärhana işe girizildi. Şeýle önüm öň Türkmenistanda öndürilmeýärdi. Bu kamufirlenen köýneklik we ýöriteleşdirilen matalary öndürmäge şert döreder. Bereketde garyşyk ýüplüklerden öndürilen matalary ulanmaga şert döredýän tikin kärhanasy ulanylmaga berildi.
Bu kärhanalar ýurtda ýerli pagta süýmüni gaýtadan işlenilmeginiň derejesini 51 göterime çenli ýetirmäge, bu pudakda täze iki müňden gowrak iş orunlaryny döretmäge şert dörederler. Täze kärhanalarda Ýaponiýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň dünýä belli kompaniýalarynda öndürilen tehnologiki enjamlar oturdyldy. Olaryň arasynda – „Riter“ (Şweýsariýa), „Trýuçler“ we „Şlifkorst“ (Germaniýa), „Marzoli“ (Italiýa), „Juki“ (Ýaponiýa) we beýleki kompaniýalar bar.
Dokma pudagyny mundan beýläk hem ösdürmegiň çäklerinde Ahal welaýatynyň Ruhabat şäherçesinde garyşyk ýüplükden mata öndürýän täze toplum – dokma we boýag kärhanasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu desganyň bahasy ABŞ-nyň 119 mln. 600 müň dollarydyr. Bu kärhanany şu ýyl ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şunlikda önümiň ýene-de bir täze görnüşi – halkara bazarynda uly isleg bildirilýän garyşyk ýüplükden aýratyn görnüşli matalar öndürilip başlanar.
«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin ösdürmegiň maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi dokma pudagynyň mundan beýläk hem ösüşini çaltlandyrmaga şert döreder. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi, täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi nah ýüplüginiň we matasynyň gaýtadan işlenilmeginiň, olaryň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmaga itergi berer. Pudagy ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberini ABŞ-nyň 2 mlr. dollaryna çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar. Netijede 20 müňden gowrak täze iş orunlary dörär, Türkmenisatnyň daşary ýurtlara önüm ibermek mümkinçiligi artar.