Ï Gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar

view-icon 724
Ýurdyň gowaça ekiljek 550 müň gektar meýdanynda ekiş möwsüminiň öň ýüzündäki işler tamamlanyp barýar. Bu işde oba hojalyk tehnikasy ýerlikli ulanylýar. Gowaça ekmek üçin bölünip berilen ýerlerde keşleri çekmek, topragy dökün bilen gurplandyrmak, ony işläp bejermek we deslapky suwaryş işleri ahyrky tapgyrlarda alnyp barylýar. Şu aýyň ahyrynda badalga beriljek gowaça ekişine hemmeler taýýarlyk görýär.

Ýurdyň pagtaçylary öňde duran möwsümde 1109 müň tonna çig maly almagy maksat edinýärler. Öňde duran gowaça ekiş möwsümine gowaçanyň orta we inçe süýmli görnüşleriniň tohumynyň 70 müň tonnasy töweregi taýýarlanyldy. Gowaçanyň orta süýmli „149F“, „133“, „Ýolöten-7“, „Daşoguz-120“, „Serdar“, „S-4727“, „S-2606“ görnüşlerine uly ähmiýet berildi. Däp bolşy ýaly gowaçanyň „Ýolöten-14“, „Ýolöten-32“, „9946-I“, „9871-I“ ýaly inçe süýmli görnüşleri ýurdyň Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň pagtaçylyk ylmy-barlag institutynyň alymlarynyň işläp taýýarlan gowaçanyň „Ýolöten-39“ görnüşi Mary welaýatynyň gowaça meýdanlarynda ekilip, önümçilik synagyndan geçiriler. Gowaçanyň bu täze görnüşi önümçilikde bildirilýän talaplara laýyk gelmek bilen, ýokary hilliligi we süýmüniň çykyşy, kesele garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Geçen ýylyň hasyly barada aýdylanda bolsa, ýurdyň pagta arassalaýjy kärhanalrynyň 36-ynda hem onuň gaýatadan işlenilmegi öz wagtynda geçirilip, ahyrky tapgyrlarda alnyp barylaýar. Häzirki güne çenli geçen ýylky hasylyň agramly bölegi gaýtadan işlenildi.

Ýurtda pagta arassalaýjy kärhanalaryň sany barha artýar, olara iň täze tehnologiki enjamlar ornaşdyrylýar. Köneürgenç etrabynda pagta arassalaýjy kärhanasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Tohum pagta çigidini gaýtadan işlemäge ýörüteleşdirilen bu täze desganyň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna bolar.