Ï Türkmenabatda Döwlet standartlarynyň welaýat barlamhanasynyň edara binasy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenabatda Döwlet standartlarynyň welaýat barlamhanasynyň edara binasy açyldy

view-icon 806
Şu gün, ählihalk Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda bu ýerde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Lebap welaýat müdirliginiň barlamhanasynyň täze edara binasynyň dabaraly açylyşy boldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli standartlaşdyrmak ulgamynyň işini işjeňleşdirmek boýunça öňde goýan wezipesi ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz daşary we içeri syýasaty Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryny giňeltmäge ugrukdyryp, özüniň taýsyz tagallasyny türkmen halkynyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleriň kemala gelmegini üpjün edýän demokratik-hukuk we dünýewi döwletiň ösdürilmegine gönükdirýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi kemala geldi. Onuň sazlaşykly ösdürilmegi önümçilige häzirki zaman, halkara standartlaryna doly laýyk gelýän tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Onuň netijesinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň, dokma we beýleki senagat pudaklarynyň önümleri Ýewropanyň, Amerikanyň we Aziýanyň ýurtlarynda we beýleki döwletlerde uly islegden peýdalanýan önümlere öwrüldi. Hut standartlaryň kömegi arkaly önümiň hiliniň halkara talaplaryna laýyk getirilmegi netijesinde bu ulgam ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we önümleriň dünýä bazarlarynda çalt ilerledilmegine hyzmat edýär. Standartlar önüm öndürijileriň ilatyň sarp edýän harytlarynyň, önümleriniň we hyzmatlarynyň hiliniň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge we yzygiderli ýokarlandyrmaga gyzyklanmasyny höweslendirýär, şeýle hem ynsan ömrüniň, saglygynyň howpsuzlygyna hem-de daşky gurşawyň goralyp saklanmagyna ýardam edýär.

Özboluşly binagärlik usulynda gurlan barlamhananyň iki gatly binasy welaýat merkeziniň günorta böleginde, Zerger şäherçesinde 2-nji senagat zolagynda ýerleşýär. Barlamhananyň binasynyň gurluşygy üçin hut şol ýeriň seçilip alynmagy tötänden däldir. Ikinji senagat zolagynda köp sanly iri kärhanalar, gurluşyk we beýleki materiallaryň hem-de harytlaryň ammarlary ýerleşýär. Häzirki güne çenli welaýat standartlaşdyrmak gullugynyň barlamhanasy şäheriň dürli ýerlerinde birnäçe jaýlarda ýerleşýärdi. Gullugyň işini has netijeli guramak maksady bilen, indi tutuş barlamhana toplumy bir oňaýly binada ýerleşýär.

Balkan we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde öň ulanmaga berlen barlamhanalaryň täze edaralary ýaly, bu bina hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylda kabul eden Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň standartlar ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda guruldy. Bu maksatnamada standartlaşdyrmagyň milli ulgamynyň netijeli ösüşi we göz öňünde tututulýan strategik maksatlara ýetilmegi üçin berjaý edilmegi zerur bolan wezipeleriň sanawy tassyklanýar. Onda standartlaşdyrmagyň milli ulgamynyň ösüş ugurlary, onuň esasy maksatlary we anyk gazanylmaly netijeleriň has oňaýly ýollary jikme-jik beýan edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek üçin standartlaşdyrmak usullaryny netijeli peýdalanmagy şertlendirdi.

Barlamhananyň iki gatly edara binasy baýramçylyk lybasyna beslenipdir – ol şarlar, dürli reňkli lentalar, baýdaklary bilen bezelipdir.

Bu ýere irden köp adam ýygnandy. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Lebap welaýat müdirliginiň barlamhanasynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik toparlary gyzykly konsert maksatnamasyny hödürlediler, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy, tans toparlary hem öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Dabarada çykyş edenler Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna möhüm orun berýär we onuň işini kämilleşdirmek boýunça taýsyz tagallalary edýär diýip aýratyn nygtadylar. Çünki bu gullugyň üstüne önümleriň hiline gözegçilik etmek, ölçegleriň bitewüligini we dogrulygyny üpjün etmek, ýerasty baýlyklary goramak we rejeli peýdalanmak, şeýle hem zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek wezipeleri ýüklenendir.

Dabaranyň barşynda oňa gatnaşyjylar täze toplumyň iş şertleri bilen tanyşdylar. Barlamhananyň täze binasynda 32 iş we barlaghana otagy ýerleşýär. Olar Ýaponiýadan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan getirilen häzirki zaman barlag-ölçeýiş enjamlary we gurallary, şol sanda ultrasesli defektoskop, dozimetr-radiometr, spektriň analizatory, süýüm çykaryjy, aýak gaplary we matalary synagdan geçirmek üçin maşyn, gallanyň çyglylygyny barlaýan enjam, 80 tonna çenli bolan ýüki çekmäge niýetlenen awtomobil elektron terezileri bilen üpjün edildi. Barlamhananyň tehniki taýdan ýokary derejede üpjün edilmegi harytlaryň hiline gözegçilik etmäge, şeýle hem olaryň Türkmenistanda hereket edýän halkara ülňülerine laýyk gelýändigini barlamaga mümkinçilik berýär.

Häzirki zaman edara binasynda gullugyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Otaglar doly kompýuterleşdirildi, amatly mebeller we ygtybarly aragatnaşyk bilen üpjün edildi. Barlamhananyň binasyna ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Binanyň açylyş dabarasynda ökde gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

“Biz ýurdumyzyň welaýatlarynda esasy senagat ugurlarynyň innowasion ösüş ýoluna geçilmegini üpjün etmelidiris. Çünki biz indi berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam basdyk” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Milli standartlaşdyrma gullugynyň esasy borjy biziň ýurdumyzda ösüşleriň öňe gitmegine, milli Liderimiz tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda ýokary standartlaryň, hil etalonlarynyň, häzirki zamanyň beýik maksatlaryna mynasyp ýörelgeleriň ykrar edilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermekden ybaratdyr.

Dabara tamamlanandan soň, şu günki wakanyň şanyna, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.