Şu gün ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi-gowaça ekişi badalga aldy. Mälim bolşy ýaly, 19-njy martda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe ak pata berdi.
Döwlet Baştutanynyň buýrugyna laýyklykda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary şu gün gowaça ekişine başladylar. Halkymyzyň asylly däbine görä, oňa hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar Beýik Biribardan eziz Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyny dileg etdiler we “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip, bereketli topraga ilkinji gowaça çigitlerini sepdiler, soňra mehanizatorlara ýol berdiler.
Mälim bolşy ýaly, bu gymmatly tehniki ekini ösdürüp ýetişdirmek Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Geçen ýyl “ak altyn” ussatlary Watan harmanyna pagtanyň bir million 100 müň tonna golaý hasylyny tabşyryp, öz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Pagtaçylaryň bu üstünligi ýurdumyzyň
oba hojalyk toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň, hususan-da, önümçilige ýurdumyzyň we dünýäniň oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmagyň, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikasyny we ýokary hilli tohumy peýdalanmagyň, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmegiň we beýlekileriiň aýdyň netijesidir. Elbetde, şunda möhüm orun oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatyna degişlidir. Onuň amala aşyrylmagy netijesinde beýik özgertmeler eziz Watanymyzyň iň alysdaky künjeklerini hem gurşap aldy.
Şu ýyl 550 müň gektara gowaça ekiler. Daýhanlar bu ýerden “ak altynyň” 1 million 109 müň tonnasyny ýygnap, eziz Watanymyzyň döwlet harmanyna tabşyrmagy maksat edinýärler. Ekişden öň tohumy dermanlamak işleri alnyp barylýar. Munuň üçin Russiýa Federasiýasynda “Skarlet” himiýa serişdesi satyn alyndy.
Gowaça ekişiniň barşynda pagtaçylar geçen ýyllarda bolşy ýaly, her welaýatyň toprak-howa şertlerine aýratyn üns bererler. Şundan ugur alnyp, gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten-7” sorty esasan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň, “133” sorty Daşoguz welaýatyndan başga ähli welaýatlaryň meýdanlarynda ekiler. Demirgazyk welaýatda “149 F”, “S-4727”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114” we “Serdar” sortlary ekiler. Lebap we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary beýleki sortlar bilen birhatarda meýdanlara gowaçanyň orta süýmli “S-2606” sortuny ekýärler. Pagtanyň inçe süýümli “9871-I”, “Ýolöten-14”, “Ýolöten-32” sortlaryny şu ýyl Ahal we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary ösdürip ýetişdirerler. Muňa ýerli şertler hem gabat gelýär. Şu welaýatlaryň pagtaçylary şu ýyl gowaçanyň orta süýmli “Ýolöten-19” we “Ýolöten-39” täze sortlaryny hem synagdan geçirerler.
“Türkmenobahyzmat” assosiasiasynda TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, şu ýyl gowaça ekişinde dürli kysymly traktorlaryň 7 müňe golaýy, seýalkalaryň 2 müň 200-e golaýy, gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk gurallarynyň 5 müňe golaýy işlediler. Olar gowaça ekişini bökdençsiz geçirmek, şeýle hem geljekki agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerurdyr.
Gowaça ekişiniň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Watan”, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Azatlyk”, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň “Güýç birleşik” we Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Gülüstan” daýhan birleşiklerinde obalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Olaryň maksady obasenagat toplumynyň depginli ösüşini, ýokary düşewüntligini üpjün etmek, oba hojalyk önümleriniň möçberlerini durnukly artdyrmak bolup durýar. 28-nji martda şeýle maslahat Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň “Bereket” daýhan birleşiginde geçiriler.
“Ak altynyň” bereketli hasylyny ösdürüp ýetişdirmek bilen bagly möhüm meseleler maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Olaryň arasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenpagta” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmenobahyzmat” assosiasiasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Tohumçylyk we tohumy synagdan geçirmek baradaky döwlet gullugynyň hem-de “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbankyň” bölümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar bar. Gürrüň, hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek, gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini we mineral dökünlerini netijeli peýdalanmak, şeýle hem gowaçany mör-möjekden we haşal otlardan goramak hakynda boldy.
Maslahatlarda öz çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen obasyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi, ýurdumyzyň ekerançylarynyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada edýän atalyk aladasy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimiziň oba hojalyk toplumynda geçirýän özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin öz güýç-gaýratlaryny, bilimlerini we tejribesini gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.
Maslahatlaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän kärhanalarynyň tehnikasynyň we önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we tans toparlary, artistler pagtaçylar üçin öz sowgatlaryny taýýarladylar.