Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda söwda geleşikleriniň 28-si bellige alyndy
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen L-O,2-62 kysymly dizel ýangyjyny, Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen L-O,5-62 kysymly dizel ýangyjyny, şeýle hem Naýyp terminalynyň suwuklandyrylan gazyny satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt walýutasyna dürli ölçeglerdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, nah ýüplükler, pagta süýümi, durmuş himiýasy harytlary ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, BAE, Owganystan, Singapur, Lihtenşteýin, Ukraina. Geleşikleriň umumy möçberi ABŞ-nyň 91 million 313 müň dollaryndan hem geçdi.
Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplükleri, aşgarlanmadyk trikotaž matasyny, aşgarlanmadyk flanel matany we reňkli trikotaž galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 11 million 680 müň manatlykdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 2010-njy ýylyň hasylyndan umumy bahasy 548 müň 625 manada deň bolan azyklyk bugdaýy satyn aldylar.