Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.
Russiýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Rumyniýadan, Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen A-80 belgili awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, mazudy, Eýrandan gelen telekeçiler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 belgili mazudy daşary ýurt walýutasyna satyn aldylar. Naýyp terminalynyň suwuklandyrylan gazyny Owganystandan gelen, tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) bolsa ABŞ-dan we Russiýadan gelen telekeçiler satyn aldylar. Şeýle-de dürli ölçegdäki reňkli we tüýjümek elsüpürgiçler, nah ýüplük, tüýjümek matalar, pagta süýümi, pagta-süýüm, jinsi galyndylary daşary ýurt walýutasyna ýerlenildi. Olary Hytaýdan, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden,Wirgin hem-de Marşall adalaryndan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 105 million 696 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Russiýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan, Gonkongdan, Ukrainadan, Litwadan, Estoniýadan, Moldowadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi 42 million 588 müň manatlykdan gowrak dürli ölçegdäki reňkli we tüýjümek elsüpürgiçleri, nah ýüplügi, aşgarlanmadyk matalary, şeýle-de arassalanylan pagta ýagyny satyn aldylar.