Ï „Guwlyduz“ kärhanasy: önümçiligi togtatmazdan durkuny täzelemek işleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Guwlyduz“ kärhanasy: önümçiligi togtatmazdan durkuny täzelemek işleri

view-icon 1384
Balkan welaýatynyň Guwlymaýak obasynda ýerleşýän „Guwlyduz“ kärhanasynda giňişleýin durkuny täzeleme işleri geçirildi. Bu kärhana ýurdumyzyň mineral baýlykly ýeri bolan, özi-özünden dikeldilýän Guwly duzly kölünden alynýan nahar duzuny çykarýar.

Ýurdumyzyň iň irki duz önümçiligi kärhanasynyň kämilleşdiriş işleriniň birinji tapgyry kärhananyň 40 müň kw.metrinde ýerleşýän önümçilik meýdançasyndaky binalarynda we desgalarynda geçirildi.

Kärhananyň barlamhanasy iň kämil häzirkizaman barlaýjy enjamlary bilen täzeden abzallaşdyryldy. Elektron enjamlaryň we sanly abzallaryň barlygyna garamazdan, çüýşe turbajykly barlag-gözegçilik stendler hem hasapdan aýrylmady. Olaryň kömegi bilen barlamhananyň hünärmenleri kompýuterleriň berýän derňewleri bilen deňeşdirip, maglumatlary has takyklaýarlar. Nahar duzunyň senagatda, has-da iýmitde ulanmak üçin, oňa bildirilýän hil talaplary ýokary derejede bolmalydyr.

Bedende ýoduň ýetmezçiligi zerarly döreýän keselleriň öňüni alamakda ulanylýan nahar duzuna goşulýan garyndylaryň düzümini barlap anyklamak, barlamhananyň işinde wajyp orny eýeleýär. Kärhanada duzy ýodlaşdyrmak boýunça işe girizilen tehnologiýalar üçin we bu önümiň ýokary hilini we şypaly häsiýetlerini halkara sertifikat tassyklaýar.

Duz degirmenlerinde, tokarçylyk ussahanalarynda, stolýar, motor we elektrik hojalyklarynda, wakuum, akkumulýator we kebşirleýji bölümlerde hem abatlaýyş işleri geçirildi. Ulag ugrunyň hem düýpli abatlaýyş işleri, şol sanda duz kombaýnlarynyň, göçme demir ýol düzüminiň we duzy gazyp almakda hem-de ony öndürilen ýerinden üýşürilýän ýerine çenli eltýän agyr tehnikalaryň hem abatlaýyş işleri geçirildi.

Açyk asman astynda duz meýdançalaryndaky toplanan nahar duzy himiki we mehaniki goşundylardan özi arassalanýar. Adaty tebigy ýagdaýda arassalanan iri nahar duzyny maýdalamazdan peýdalanyp bolýar. Bu hem tebigatyň döreden egsilmaz Guwly duz kölüniň ýene bir ajaýyplygydyr.

Guwlymaýakdan sekiz kilometr uzakda Gyýanlyda ýerleşen kärhananyň deňiz duralgasynda hem köp işler amala aşyryldy. Nahar duzuny kabul etmek we olary ýüklemeklik üçin ýöriteleşdirilen ýollaryna asfalt düşeldi. Giň duz ammarynda hem durkuny täzelemek işleri geçirildi. Bu ýerde gözegçilik –geçiriji nokady we garagul gullugy, mehanizatorlar hem-de ýükçiler üçin otaglar hem göz öňünde tutuldy.

Gury ýük daşaýan gämilere nahar duzuny ýüklemek üçin relsli hereket edýän gurluşly terminalyň 70 metrlik direg diwary deňiz duralgasy tarapyndan plastiki şşit bilen gowulandyrylan. Ekologiki taýdan howpsuzlygy üpjün etmek üçin bu ýere ýakyn bolan meýdanda hwoýa we başga pürli agaçlary bolan seýilgäh döretmek göz öňünde tutulýar. Seýilgähdäki agaçlary suwarmak üçin ätiýaçlyk suw gorlary üçin rezerwuar guruldy.

Önümçilik desgalary abatlamak bilen bir wagtyň içinde şäher görnüşli Guwlymaýak obasynyň we kärhananyň durmuş infrastrukturasynyň durkuny täzelemeklik işleri alnyp baryldy. Obada hassahananyň, medeniýet öýüniň, çörek bişirýän kärhananyň, çagalar bagynyň , myhmanhananyň aragatnaşyk bölüminiň binalarynda abatlaýyş işleri geçirildi. Obanyň golaýynda Guwlymaýagyň ilatyny, kärhanany ýangyç bilen üpjün etjek, täze häzirkizaman enjamly ýangyç guýujy stansiýa ýerleşýär.

„Guwlyduz“ kärhanasyndakyönümçilik binalaryň we desgalaryň düýpli abatlaýyş işleri kärhananyň önümçiligini togtatmazdan we ykdysady görkezijileriniň peselmezliginden amala aşyryldy. Şu ýylyň birinji üç aýynyň jemi boýunça nahar duzunyň 12 müň tonnasy işlenilip çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 144,8 göterim ýerine ýetirildi we ilata mugt ýodly duzyň 7 müň tonnasy iberildi.