Gara mallary toplumlaýyn ösdürip ýetişdirmeklik üçin ýurdumyzda ençeme maldarçylyk toplumlaryny gurmaklyk göz öňünde tutulýar. Şunuň ýaly maldarçylyk toplumlaryň gurulmagy netijesinde bu ulgamyň seleksiýa işleriniň ilerlemegine we ýokary derejelere galmagyna mümkinçilik berer diýip, „Türkmenmallary“ assosiasiýasynyň maldarçylyk we weterinariýa ylmy barlag institutynyň bölüm müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Atajan Çerkezow belleýär.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzda seleksiýa işleriniň geçirilmegi netijesinde ýerli howa şertlerine üýgunlaşan we kesellere durnukly bolan gara mallaryň assimilirlenen etli-süýtli tohumy ösdürildi. Bu tohum mallar şu wagt ýurdumyzyň hususy kärendesinde gara mallarynyň baş sanynyň 80 % tutýar. Bu görnüşiň öküzçeleri bakylanda 18 aýyň dowamynda 400-450 kg agramy alýarlar.
Söňky wagtlarda iri mallaryň golştin tohumy önümçilige girizilýär. Emma intek bu iri mallary Türkmenistanda ösdürip ýetişdirmekligiň howa we epiziotik kynçylyklary bar. Bu tohum mallaryny ösdürmek üçin ýurdumyzda birnäçe maldarçylyk toplumlary döredildi. Agylda ösdürilip saklanýan iri mallaryň monbelýard tohumy satyn alyndy. Maldarçylyk toplumlaryň agyllarynda bu tohum mallardan köp süýt sagylylyp alynýar.
Baharly etrabynyň „Saýwan“ daýhan birleşiginiň dagly öri meýdanlarynyň şertlerinde 30 ýyldan gowrak wagt içinde gara mallaryň etli tohumlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin ýerli tohum mallaryny şarele we Braman tohumynyň kubin zebu görnüşleri bilen çaknyşdyrdylar we netijede üç tohum maldan tutuş ýylyň dowamynda açyk asman astynda öri meýdanlarda ösdürip saklap boljak etlek gibrid görnüş emele geldi.
Daşyndan goşmaça iýmitlendirilmesiz öri meýdanlarda iýmitlenýän bu tohum mallarynyň öküzçeleri 18-19 aýyň içinde 400-450 kg arassa agrama ýetýär. Egerde ony agylda saklap goşmaça iýmitlendirseň, onda olaryň agramy 500-550 kg çenli barýar. Bu tohum mallary gurak yssy howa ýagdaýlaryna uýgunlaşan, öri meýdanda bitýän otlara we saklanylýan şertlerine dandawsyz, kesele çydamly bolup, sürlenişip ýaşaýarlar. Olaryň bilelikde saklanmak häsiýeti çopanlaryň olara gözegçilik etmeginde uly kömek bolýar. Bu biziň alymlarymyzyň gyzykly ylmy gözlegi bolup durýar we ylmy işler dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda hususyýetçilikde we daýhan birleşiklerinde kärende usulynda gara mallaryň esasy bölegi ösdürilip ýetişdirilýär. Oba hojalyk mallaryny ýetişdirmek boýunça ähli salgytlaryň aýrylmagy wajyp orny eýeleýär. Maldarçylyk toplumlary bilen bilelikde köp kärendeçiler galla, pagta ekip , eken ýerlerinden bolsa mallaryna pagta şulhasyny, saruny we saman alýarlar.
Maldarlara kömek etmek maksady bilen alymlar öri meýdanlaryň aýratynlyklaryny öwrenip, anyk şol ýerde ösdürilmeli malyň tohumyny teklip berýärler. Mysal üçin pes ot örtükli ýerlerde gyzyl çöl tohumy, daglarda we onuň eteklerinde mallaryň şwis görnüşini saklamaklyk bolýar. Statistika maglumatlaryna laýyklykda geçen asyryň 90-njy ýyllary bilen deňeşdireniňde ýurtda gara mallaryň sany 2,5 esse artypdyr. Bu bolsa mundan beýläk tohumçylyk işlerini güýçlendirmegi talap edýär.
„Türkmenmallary“ assosiasiyasynyň maldarçylyk hojalyklarynda tohum gara mallaryň 50 müňe golaýy degişlidir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň uly maldarçylyk hojalyklary ýaly ýokary derejede gurnalan uly hojalyklar hem bar. „Türkmenmallary“ assosiasiýasynyň maldarçylyk we weterinariýa ylmy barlag institutynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk gowy gurnalan. Olar mallary saklamak, idetmek, iýmitlendirmek, bejermek boýunça we tohum işlerini geçirmek we keselleriň öňüni almak boýunça maslahatlary berýärler.