Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
Beýik Britaniýadan, Daniýadan, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen A-80 belgili awtobenzini, polipropileni, uçarkerosinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, Owganystandan gelen telekeçiler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny daşary ýurt walýutasyna satyn aldylar. Şeýle-de dürli ölçegdäki reňkli we tüýjümek elsüpürgiçler, tüýjümek matalar, nah ýüplük, pagta-süýüm, pagta süýümi, çig ýagly kislotalar daşary ýurt walýutasyna ýerlenildi. Olary Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan, Ukrainadan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 142 million 767 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Hindistandan, Kiprden, Ukrainadan, Gyrgyzystandan we Gruziýadan gelen telekeçiler jemi 14 million 936 müň manatlykdan gowrak arassalanylan pagta ýagyny, dürli ölçegdäki reňkli we tüýjümek elsüpürgiçleri, bizi, nah matalary we nah ýüplügi, gara mallaryň derilerini satyn aldylar.