Ï Aşgabat - däp-dessurlaryň we innowasiýalaryň sazlaşýan ýeri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat - däp-dessurlaryň we innowasiýalaryň sazlaşýan ýeri

view-icon 793
Türkmen paýtagtyna bagyşlanan köp ugurly halkara sergi

Şu gün irden paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Ak şäherim Aşgabat” atly ХI köp ugurly halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy, şonuň çäklerinde şäheri ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahat geçiriler.

Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan, şergide gurluşykdan we binagärlikden başlap, elektrik energetika, gaýtadan işleýän we ýeňil senagat, bezeg hem-de şäheriň durmuşyny abadanlaşdyrmak bilen bagly düşünjä degişli ähli zatlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma döredýän ugurlaryň giň toplumy bilen tanyşdyrylýar, häzirki wagtda şäheriň durmuşyny döwrebap tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.

Öň dünýäde toplanan öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we has kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşe badalga berilmegi şunuň ýaly çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu esasy ugur serginiň häsiýetini kesgitleýär, onuň işine Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň— Fransiýanyň, Germaniýanyň, Belgiýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Latwiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň iri kärhanalarynyň we halkara kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu ýerde türkmen bazarynda eýýäm özüni tanadan hem-de Türkmenistan bilen uzak möhletleýin esasda işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýänler hem öz mümkinçilikleri we teklipleri bilen tanyşdyrýarlar.

Sergi köşgüniň giň zallarynda baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürýär, daş-töwerekde aýdym-saz ýaňlanýar, ýaşlar milli tanslary ýerine ýetirýärler, milli lybasly gyzlar bu ýere gelenlere türkmen tagamlaryny hödürleýärler.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, milli parlamentiň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleiýn habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara we ony guraýjylary gutlag haty uly üns berlip diňlenildi, şonda döwlet Baştutany bu serginiň hem-de maslahatyň netijeli ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, toplanan tejribeleriň alşylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistandaky ähli uly möçberli ykdysady we durmuş özgertmeleri aýdyň görkezýän türkmen paýtagtynyň keşbindäki hem-de şäheriň desgalarynyň düzümindäki batly, öz möçberleri we maksady boýunça ozal görlüp-eşidilmedik derejedäki özgertmeleriň, onuň täze taryhynyň we geljekki ösüşiniň mümkinçilikleriniň “Ak şäherim Aşgabat” atly sergide aýdyň we giň gerim bilen görkezilmäge mynasypdygyna söz ýok. Serginiň halkara derejesinde guralmagy ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýan hoşmeýilli taraplaryň tagallalaryny birikdirýän iri merkez hökmünde dünýäde ykrar edilýän türkmen paýtagtynyň parahatçylyk dörediji şäherdigini tassyklaýar.

Örän uly Sergi köşgüniň çäginde guralan sergide Türkmenistanyň şäher gurluşygy boýunça syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň tapgyrlary we dürli pudaklaryň ilatyň ýaşaýşynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň zähmeti we dynç alşy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşýan goşandy, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň milli taslamalara gatnaşygyny we geljekde-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri aýdyň görkezilýär.

Sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter hem-de aragatnaşyk enjamlary, saglygy goraýyş, dokma pudagy, azyk senagaty boýunça gazanylan üstünlikler, ekologiýa degişli meseleleri çözmekde, sporty we syýahatçylygy ösdürmekde, ylym, işgärler we medeniýet boýunça ýetilen sepgitler, ýagny uly şäheriň durmuşyna degişli ähli zatlar bilen tanyşdyrylýar.

Sergide şäher hojalygynda möhüm ähmiýete eýe bolan aragatnaşyk we ulag ulgamlaryna degişli edaralar öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar. Bu ulgamlara paýtagtymyzy dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan halkara ulag ýollary we aragatnaşyk ulgamlary degişlidir. Aragatnaşyk we Demir ýol ulaglary ministrlikleriniň, raýat awiasiýasy gullugynyň görkezýän zatlary şu ugurlaryň geljekki ösüşi bilen tanyşdyrýar. Azyk we oba senagat toplumyna, söwda we başga-da birgiden ulgamlara degişli bölümler sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär.

Ýeri gelende aýtsak, oba hojalygyndan we azyk senagaty pudagyndan başlap, ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap senagat kärhanalaryny gurmak we gurluşyk materiallaryny öndürmek ýaly dürli ugurlar bilen iş salyşýan ýurdumyzyň hususy telekeçileri we haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Türkmenistanda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyna goldaw bermek we höweslendirmek boýunça maksada laýyk çäreleriň görülmegi netijesinde olaryň sany ýylsaýyn artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi netijesinde daşary ýurtlarda-da giňden belli bolan kitaplary serginiň bölümlerinde mynasyp orny eýeleýär. Bu ýerde milli nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri, çagalar üçin çeper edebiýatlar, şol sanda ýokary derejede bezelen döwürleýin neşirler, Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşy medeni däp-dessurlarymyz we ýurdumyzyň häzirki döwri barada gürrüň berýän dürli kitaplar hem bar.

“Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň döwrebap haly önümleri, şeýle hem halyçylyk bilen meşgullanýan köp sanly telekeçileriň we milli senetkärleriň işleri sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döredýär.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň bölümi tebigata degişli zatlar bilen bagly bolsa, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň diwarlygy dürli öwüşginli güller bilen bezelipdir, paýtagtymyzdaky ýollaryň ýakasyndaky jähekler we aýmançalar şäheriň ajaýyp binagärlik bezegine öwrüldi.

Sergi köşgüniň üsti açyk e meýdançalarynda esasy önüm öndürijileriň dürli görnüşdäki gurluşuk we ýöriteleşdirilen tehnikalary görkezilýär.

Bularyň ählisi şäher gurluşygy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan ýörelge esasynda türkmen paýtagtyny ösdürmekde ileri tutulýan ugurlary aýdyň görkezýär. Şunda durmuşda amatly ýagdaýy döretmek, önümçilikleri kadalaşdyrylan tertipde ösdürmek, şäheriň we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ”ösdürilýän nokatlaryny” döretmek hem-de Aşgabady sebit we halkara derejesindäki iri işewrürlik merkezi hökmünde ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Sergide daşary ýurt kompaniýalary gurluşyk desgalarynyň nusgalaryny, şäher gurluşygyna, bu ýerde ýaşamagyň oňaýly şertleriniň üpjün edilmegine, gurluşyk, suw bilen üpjünçilik we yşyklandyrmak, ýollary gurmak, oňat dynç alşy guramak ýaly ugurlar boýunça şäher hojalygynyň dolandyrylmagyna degişli wajyp meseleleri çözmek boýunça innowasion işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary we beýlekileri gökezilýär.

Şunda dünýädäki ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, şäher hojalygy boýunça ekologiýa taýdan arassa ulgamlara we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalara, ýaşaýşyň oňaýly ýagdaýyny saklamakda şähere ýardam berýän we tebigatyň goralmagyna, ekologiýa boýunça ählumumy meseleleriň çözülmegine önjeýli goşant goşýan seýilgäh zolaklarynda medeni ähmiýetli desgalaryň düzüminiň taslamalaryna aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda türkmen paýtagtyny ösdürmegiň geljekki meýilnamalary Aşgabatda binalary gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň amala aşyrylmagyna goşulmagy maksat edinýän iri maýadarlaryň we potratçylaryň, önüm öndürijileriň we işewür toparlaryň ünsüni çekýär. Serginiň işi dört günläp dowam eder. Şunda ýurdumyzyň paýtagty şäher gurluşygyna, şäherdäki ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar toplumlarynyň, durmuş ulgamynyň, söwdanyň we hyzmat edişiň ösdürilmegine degişli meseleleriň giňden ara alnyp maslahatlaşylýan ýerine öwrüler.

Şu gezekki sergi we maslahat netijeli halkara ylmy-tehniki we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, tejribe alşylmagyna ýardam berer. Bu sergi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrylýan ýere öwrüler hem-de daşary ýurtly myhmanlara Aşgabadyň senagat, medeniýet babatdaky kuwwatynyň özenini düzýän halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda we düzümlerinde ýetilen sepgitler, onuň örän uly durmuş-ykdysady serişdeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardar eder.

“Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly Halkara sergi öz işiniň ilkinji gününde bu ýere gelýänlere şähergurluşyk, binagärlik we Türkmenistanda häirkizaman şäher düzümini guramak ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribeleri we onuň geljegini aýdyň görkezdi.

Ertir sergi öz işini dowam edir.