Türkmengalanyň unaş kärhanasy welaýatyň daýhan birleşiklerinde we şäherlerinde çörek bişirýän kärhanalary açmak bilen, öz önümçiligini barha giňeldýär. Ýolöten we Baýramaly etraplarynyň obalarynda we şäherlerinde geçen ýyldan bäri adaty usul boýunça tagamly türkmen çöregini taýýarlamaga ýöriteleşdirilen çörek bişirýän kärhanalaryň onlarçasy açyldy. Şeýlelik-de, ýaňy-ýakynda Ýolöten etrabynyň Atçapar daýhan birleşiginde şular ýaly kärhana açyldy. Öndürilýän önümler ilat üçin oňaýly bolar ýaly söwda nokatlary arkaly halka ýetirilýär.
Bu häzirkizaman kärhanasy mundan bäş ýyl ozal açyldy. Bu ýerde makaron, wermişel ýaly uly isleg bildirilýän önümleriň onlarça görnüşleri öndürilýär. Kärhananyň ýokary kuwwatlylygy her ýylda 40 müň tonna ýokary hilli un we 14 müň tonna gowy hilli unaş önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Düzüminde 12 müň tonna däne saklaýan elewatory, iri üweýji önümçiligi bolan bu kärhana bütewi toplum hökmünde işleýär. Bu ýere bugdaý welaýatyň etraplarynyň daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryndan gelip gowuşýar.
Bu kärhanada şu ýylyň birinji çärýeginde 1 müň 124 tonna unaş önümleri öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende epesli köpdür. Ýokary hilli unyň 9 müň 689 tonnasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 8 göterim artyk ösüş gazanyldy. Kärhananyň çörek bişirilýän bölümlerinde 263 tonna çörek önümleri öndürildi. Bu hem geçen ýylyň görkezijilerinden epesli artykdyr.