Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt çig-mal biržasynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen A-80 kysymly awtomobil benzinini, L-0,2-62 kysymly dizel ýyngyjyny, KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosini, az kükürtli ýangyç mazutyny satyn aldylar. Mundan başga-da, nah ýüplükler, pagta süýümi, pagta linti, 2010-njy ýylyň hasylyndan azyklyk bugdaý, saryja goýnuň ýüňi, pagta ýagy ýerlenildi. Bu önümleri Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Eýrandan, Singapurdan, Koreýa Respublikasyndan, Lihtenşteýnden, Ukrainadan, Litwadan, Wirgin adalaryndan telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 107 million 108 müň amerikan dollaryndan hem köp boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Russiýadan, BAE-den, Hindistandan, Pakistandan, Ukrainadan, Bolgariýadan, Gyrgyzystandan gelen işewürler dürli ölçegdäki tekiz boýalan we jakkard tüýjümek süpürgiçleri,
arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, pagta şrotuny satyn aldylar. Köke, wafli, karamel ýaly süýji önümleri Birleşen Arap Emirliklerinden gelen alyjylar aldy. Geleşikleriň jemi bahasy 20 million 940 müň manatlykdan gowrak boldy.