Ï “Ak şäherim Aşgabat”: geljegi nazarlap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ak şäherim Aşgabat”: geljegi nazarlap

view-icon 844
Şu gün türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XI köpugurly halkara sergisi öz işini tamamlady. Onuň çäklerinde türkmen paýtagtyny ösdürmegiň geljegi babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanylan maslahat geçirildi.

Her ýyl geçirilýän bu forumyň möçberi we meşhurlygy işewür toparlaryň wekilleriniň gyzyklanma bildirmegi bilen bir hatarda ýylsaýyn artýar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň iri önüm öndürijileri bilen birlikde, Aşgabady ösdürmekde bu iri işewürlik hem-de maýa goýum işjeňliginiň halkara merkezini kemala getirmek üçin uly mümkinçilikleri hem-de oňat şertleri görýän esasy daşary ýurt kompaniýalary hem bar. Biziň ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sergileriniň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň we hyzmatlaryň sanawyny hem-de hilini yzygiderli täzelemegiň ýene-de bir möhüm guraly bolup durýandygyny bellemek zerurdyr.

Dört günüň içinde aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi sergi köşgünde boldular, olar ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbindäki ägirt uly özgertmeler hem-de ony ösdürmegiň geljegi uly meýilleri hakynda aýdyň düşünje aldylar. Sergi merkeziniň zallarynda we meýdançalarynda iri ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, şäher häkimliginiň, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň we Aşgabatda işleýän hem-de paýtagtymyzy has gözelleşdirjek we oňaýly etjek deňsiz-taýsyz şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýän daşary ýurt kompaniýalarynyň önümleriniň dürli eksponatlary we nusgalary ýerleşdirildi.

“Ak şäherim Aşgabat” atly sergisiniň bazaryň yzygiderli ösýän talaplaryna ugur almagy onuň üstünliginiň möhüm şerti boldy, onda pudagara gatnaşyklar barha uly ähmiýete eýe bolýar. Hünärmenleriň işewür goşulyşmagynyň örän möhümligi häzirki wagtda ylmy-tehniki progresiň okgunly ösüşi bilen şertlenendir. Türkmen paýtagtyny ösdürmegiň innowasion häsiýeti onuň şähergurluşyk maksatnamasynyň hem esasyna goýuldy. Geçirilen sergi iň täze, örän gyzykly we ähmiýetli tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilikleri düýpli artdyrdy, şol tehnologiýalar eýýäm ýakyn wagtlarda Türkmenistanda ornaşdyrylar.

Energetika we gurluşyk ulgamy, bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, ylym, syýahatçylyk we sport, ulag we aragatnaşyk pudaklary, ýurdumyzyň oba hojalyk senagaty, azyk senagaty we beýleki pudaklaýyn edaralar öz mümkinçiliklerini, üstünliklerini hem-de amala aşyrylan taslamalaryň netijelerini görkezdiler. Sergide köpdürli senagat önümleri, azyk önümleri, amaly – haşam sungatyň önümleri bilen bir hatarda iri maýa goýum taslamalary, innowasiýalar, dürli pudaklarda ulanylýan häzirki zaman tehnikasy we enjamlary, şeýle hem ýurdumyzyň ägirt uly serişdeleriniň binýadynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň giň mümkinçilikleri görkezildi.

Önüm öndürijileriň köpüsi energiýany tygşytlaýan, awtomatlaşdyrylan we kompýuter ulgamlarynyň hasabyna şäher inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalary ulanýarlar. Biziň günlerimizde dürli ölçegleri aralykdan berýän ykjam gurallaryň ähmiýeti hem artýar. Olar bolsa sergide öz beýanyny tapdy.

Köpugurly serginiň işlän günlerinde tanyşdyryş, haryt öwreniş çärelerini, duduşyklary, gepleşikleri we maslahatlary özünde jemlän işewür maksatnama hünärmenlerde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň wekilleri serginiň täze gatnaşyklary ýola goýmaga we hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berendigini belläp, Aşgabatda geçirilýän ýöriteleşdirilen we köp ugurly sergilere hemişe gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Häzirki gözden geçirilişiň kompaniýalara bazaryň ösüşiniň meýillerini duýmaga we geljek üçin meýilnamalary bellemäge mümkinçilik berendigi nygtalyp geçildi.

Geçirilen maslahat işewür maksatnamanyň esasy wakasy boldy. Şonda Aşgabady uzak möhletli ösdürmegiň strategiýasy durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalarynyň meseleleri we daşary ýurtly maýadarlar üçin mümkinçilikleri giňeldýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ýaly möhüm meselelere garaldy.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, türkmen paýtagtyny ösdürmegiň mümkinçilikleri örän uludyr. Ep-esli möçberdäki maýa goýumlary, şol sanda awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny, täze energiýany tygşytlaýan tehnologiýalary işläp taýýarlamaga hem-de ornaşdyrmaga, senagat we raýat gurluşygy üçin energiýa babatda netijeli enjamlary we serişdeleri öndürmäge goýulýan maýa goýumlary muňa şaýatlyk edýär.

Eýýäm iri kompaniýalar we maýadarlar bu taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.

Şu gün, halkara gözden geçirilişiniň jemleýji gününde maslahata gatnaşyjylara degişli güwänamalar we diplomlar gowşuryldy. Maslahatyň ahyrynda ony guraýjylaryň we oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi, şonda netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinen serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegine ýardam edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Nobatdaky halkara maslahaty öz işini tamamlady. Onuň netijelerini biz ýakyn wagtlarda, haçan-da taslamalar durmuşa geçirilende, hyzmatdaşlyga taýýarlyk bolsa ak mermere örtülen, gadymy türkmen topragynda parahatçylygyň we döredijiligiň nyşanyna öwrülen Aşgabady ösdürmäge täze goşant goşmak bilen iş ýüzünde dowam etdirilende duýarys.