Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 862
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Beýik Britaniýadan, Kiprden we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen SN-180 belgili ýagy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kükürdi, Birleşen Arap Emirliklerinden, Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler M-100 belgili mazudy we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystandan gelen telekeçiler bolsa suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” döwlet konserni) satyn aldylar.

Şeýle-de dürli ölçegdäki reňkli we tüýjümek elsüpürgiçler, nah ýüplük, dürli görnüşdäki dokma harytlary, hojalyk sabyny, pagta süýümi, pagta soapstogynyň çig ýagly kislotalary, süýüm ülügi, lint daşary ýurt walýutasyna ýerlenildi. Olary Şweýsariýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, , Singapurdan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Litwadan, Wirgin adalaryndan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 47 million 131 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan, Kiprden, Ukrainadan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi 4 million 684 müň manatlykdan gowrak reňkli we tüýjümek elsüpürgiçleri, dürli görnüşdäki dokma harytlaryny, pagta ýagyny, hojalyk sabynyny, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler jemi 758 müň 100 manatlyk süýüm ülügini satyn aldylar.