Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
Daşary ýurt puluna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, A-80 kysymly awtomobil benzinini, polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük ýerlenildi. Ony Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Litwanyň, şeýle hem Wirgin adalarynyň işewür toparlarynyň wekilleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 17 million 336 müň amerikan dollaryna deň boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan, Litwadan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan, Gruziýadan gelen telekeçiler arassalanan pagta ýagyny, köke-süýji önümleriniň dürli görnüşlerini, dürli ölçegdäki tekiz boýalan we jakkard tüýjümek polotensalary, hojalyk sabynyny, egin-eşik üçin nah pamygy, matalary we nah ýüplükleri, pagta şrotyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi möçberi 18 million 351 müň manada barabar boldy.