Daşoguz welaýatynyň öňdebaryjy daýhan birleşiklerine GLAAS meşhur nemes kompaniýasynyň öndüren „ARION 640 СIS“ traktorlarynyň 21-si gelip gowuşdy. Şunlukda, ýurdyň oba hojalyk toplumyny iň öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilmegi dowam etdirilýär. Bu günki gün tehnikanyň has häzirki zaman we kämilleşdirilen nusgalary Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda işledilýär. Özi hem bu tehnikalar ýerli howa we toprak şertlerine, hat-da ýurdyň her bir sebtinde ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerini ýygnamaga hem oňat hilli uýgýnlaşandyr.
Ýurdyň demirgazyk welaýatyna gelip gowşan köp wezipeleri ýerine ýetirýän oba hojalyk maşynlary LEMKEN kompaniýasynyň dört korpusly aýlanaýan azaly bilen üpjün edilip, topragy işläp bejermekde işiň giň toplumyny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bardyr.
Oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň – daýhan birleşikleriniň özleriniň häzirki zaman traktorlaryny satyn alyjy bolup durýandygy uly ähmiýete eýedir. Esasan hem , döwlet bu maksatlar üçin on ýyllyk möhlet bilen ýyllyk bir göterimli karz serişdelerini berip, uly goldaw berýär. Muňa oba hojalyk önümçiliginiň ýokary bolmagy üçin Türkmenistanda döredilen amatlyklar uly şertleri döredýär.
Geçen ýylyň başynda Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň birnäçe hojalyklary şeýle usul bilen СLAAS meşhur nemes kompaniýasynyň öndüren „AХION 850“ täze traktorlaryny satyn aldylar. Bu tehnikalar ekin meýdanlarynda zähmeti has köp talap edýän işleri ýerine ýetirmäge we özlerine düşýän agrama görä hereketlendirijileriniň kuwwatlylygyny 191-den 269 at güýjüne çenli artdyrmaga ukyply bolup, innowasion ulgam bilen üpjün edilendir. Bu bolsa ýangyjy tygşytly peýdalanamaga hem-de tehnikany netijeli ulanmaga şert döredýär. Bu tejribe özüniň peýdaly talaplaryny görkezdi. Indi welaýatda häzirki zaman tehnikasyny edinmäge isleg bildirýän daýhan birleşikleriniň sany barha artýar. Şeýle tehnikalaryň getirilýän çäkleri hem barha giňeýär. 2011-nji ýylyň dekabr aýynda Mary welaýatynyň birnäçe hojalyklary hem nemes kompaniýasynyň öndüren „ARION 640 СIS“ traktorlarynyň 21-ni satyn aldylar.
Tehnikany işläp taýýarlanlar we öndürijiler ýokary netijelilige, şeýle hem mehanizatorlaryň işlemekleri üçin has amatly şertleriň döredilmegine uly üns berdiler. Ýokary ergonomikany üpjün etmek we hyzmat edilşini hem-de dolandyrmagy ýeňilleşdirmek bilen, elektron ulgamy oba hojalyk maşynlarynyň we olary sürüjileriň işlerini ep-esli ýeňledýär. Şeýle tehnikalar bilen işleşmek üçin degişli bilim we ukyp gerek bolýar. Şonuň üçin hem däp bolşy ýaly, häzirki zaman tehnikalary ýörite guralan okuwlary gutaryp gelen iň tejribeli mehanizatorlara ynanylýar.
Öňdebaryjy innowasiýalara we oba hojalyk tehnikalaryny öndürmekde ýüz ýyla barabar bolan tejribesine daýanmak bilen hem-de Türkmenistana ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny getirýän “СLAAS” kompaniýasy oba hojalyk maşyngurluşygynda dünýä ýüzünde öňde baryjylaryň hatarynda tanalýar.
- Türkmen bazary biziň kompanyýamyz üçin uly gyzyklanma döredýär. Ilkinji nobatda, öz göwrümi boýunça, bu ýerde innowasiýalara hem-de öňde baryjy tehnologiýalara uly gyzyklanma bildirilýär – diýip, СLAAS kompaniýasynyň Orta Aziýa we Kawkaz boýunça ýolbaşçysy Sergeý Potýomkin biz bilen söhbetdeş bolanda aýtdy. - Mundan hem başga, biziň tehnikalarymyz bu ýeriniň gyşyň sowuk günlerine ýa-da tomsuň jöwzaly günlerine garamazdan, howa we toprak şertlerinde örän netijeli işleýär. Şonuň üçin hem biz üçin tehnikalaryň ýokary öndürijiligini görkezmäge ajaýyp mümkinçilikler döredi. Biziň tehnikalarynymyzy ulanýan beýleki ýurtlaryň hem Türkmenistanyň öňde baryjy tejribesini göz öňünde tutjakdyklaryna uly ynam bildirýärin. Öz nobatynda biz hem, biziň türkmen hyzmatdaşlarymyza ýaňy ýola goýlan gatnaşyklary has hem giňeltmek maksady bilen, täze işläp taýýarlamalary getirmäge we bu ugurda öz toplan tejribelerimizi paýlaşmaga taýýardygymyzy aýdýarys. Bu hyzmatdaşlygyň örän uly gelejegi bardyr. Men muňa Aşgabatda bolmak bilen, hut özüm göz ýetirdim. Şäher we ýurt mende uly täsirler galdyrdy – Türkmenistan örän çalt depginler bilen ösýär, ajaýyp gelejege tarap ymtylýar. Biziň tehnikalarymyzyň bu ýerde gerek bolandygyna biz örän buýsanýarys. Biz bize bildirilen uly ynamy ödemek üçin özümiziň ähli tagallalarymyzy ederis.
Oba hojalyk tehnikalarynyň iberilýän çäkleriniň giňeldilmegi we olaryň iberilýän möçberleriniň artdyrylmagy degişli hyzmat ediş gulluklarynyň artdyrylmagy bilen bilelikde alnyp barylýar, ýurtda biziň işlerimizi ýola goýmak işleri dowam etdirilýär. Şunlukda, geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanda – Aşgabatda wekilhananyň hyzmat ediş merkezli baş edara jaýy açyldy. Biziň kompaniýamyzyň welaýat merkezleri üstünlikli iş alyp barýarlar. Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda CLAAS kompaniýasynyň tehnikalarynyň iri tapgyrlary gelip gowuşdy. Golaý geljekde biz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda we Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda şeýle merkezleri açmagy meýilleşdirýäris. Şeýleik bilen, biz ýurdyň iri oba hojalyk sebitlerinde iş alyp bararys. Bu bolsa, ýurdyň haýsy bir künjeginde bolandygyna garamazdan, iş alyp barmagyň dowamynda tehnikalara hyzmat ediş gözegçiliklerini derrew geçirmäge, islendik ýüze çykan näsazlyklary aradan aýyrmaga şert döreder.
Esasan hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde „Türkmenobahyzmat“ Assosiýasy üçin „AХION 850“ kysymly traktorlary we „EurOpal 9 5N 100“ azallaryny satyn almak barada karar kabul edildi. Bu bolsa СLAAS traktorlarynyň belli bir daýhan birleşiklerinde işlemän, eýsem ýurdyň ähli ekin meýdanlarynda hem işlejekdiklerine şaýatlyk edýär. Tehnikalaryň bu görnüşleri bilen işleşmekde we olara hyzmat ediş işlerini geçirmekde assosiýasyýanyň mehanizatiorlarynyň baý tejribeleri bar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda „Tuсano 430“ däne we şaly ýygýan kombaýnlaryň 120-si „Türkmenobahyzmat“ assosiasiýasyna getirildi. Olar Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň bugdaý we şaly orak möwsümlerinde üstünlikli işlediler.