Mary welaýatynda şugundur üçin bölünip berilen meýdanlarynda şugunduryň gowy gögerişi alyndy.
Şu günler şugundurly meýdanlarda ekinleriň hatarara bejergi işleri, täze gögeren ýaş şugundurlary suwarmak, olary mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek we haşal otlara we zyýan berijilere garşy göreşmek işleri alnyp barylýar.
Bu ekin üçin bu ýyl 14 müň 900 gektar meýdany bölünip berildi. Adaty, şugundur meýdanlara iki tapgyrda ekilýär. Ýaz möwsüminde şugundur 3 müň gektar meýdanda fewral aýynyň soňunda mart aýynyň başynda ekilip başlandy. Meýdanyň köp bölegi (11 müň 900 gektary) güýzlük bugdaý hasyly ýygylandan soň ekilýär.
Ýaz aýynda ekilen şugundur hasylyny ýygnamaklyk işleri şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda başlanar. Türkmen şugundurçylaryň bahalandyrmalaryna görä, şu ýyl gowy hasyl üçin ähli şertler bar. Hasylyň esasy sarp edijisi hökmünde Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň „Masryşeker“ paýdarlar jemgyýeti çykyş edip, ol her ýyl 13 müň tonna şeker öndürýär.
„Masryşeker“ paýdarlar jemgyýeti öz gezeginde ýokary hilli tohumlar bilen we şugundur hasylyny zaýasyz kärhana ýetirmek üçin ulag serişdeleri bilen üpjün edip oba hojalyk ekinleriň öndürijilerini goldaýarlar.