Ï Kärhananyň ýubileýine täze bölüm
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kärhananyň ýubileýine täze bölüm

view-icon 741
Kakanyň pagta egirýän kärhanasy ýene bir täze ýüp işýän bölüminiň açylyşyna taýýarlanýar. Bu bölüm şu ýyl işe başlar we onda ýurdumyzyň dokma senagaty üçin täze ugur bolan we dünýä bazarynda özüniň berkligi bilen isleg bildirilýän işilen ýüplük öndüriler. Şu mynasybetli kärhana ondan gowrak Germaniýanyň täze enjamlarynyň gelmegine garaşýar.


Inçe süýmli gowaçanyň iň ýokary hilli ilkinji işläp alynan pagtasyndan inçeligi we süýmüniň uzynlygy bilen tapawutlanýan ýüplük öndürýän Kakanyň pagta egirýän kärhanasy aprel aýynda öz 15 ýyllygyny belledi.Mundan başga bu ýerde kardn usuly esasynda berk we has inçe bolan ýüplük hem öndürilýär.

Kärhananyň kuwwatlylygy 5170 tonnna taýýar önüme deň bolup, ol her aýda öz borçnamasyny 112-115 göterim ýerine ýetirýär. Taýýar önüm ýurdumyzyň dokma kärhanalaryndan başga Ýewropa ýurtlaryna, GDA döwletlerine we Russiýa döwletine iberilýär.


Administratiw binasyndan, taýýar önümler ammaryndan, ýyladyş we kompressor desgalarynyň binalaryndan daşary kärhananyň 12 gektar ýerinde dokma önümçiligi ýerleşýär. Önümçilik bölümlere bölünen we bir ulgama birikdirilen bolup, şol ýerde tüýdüji, ýüplüge çala tow berýän we başga dokma senagatynyň ýüplük öndürýän enjamlary üznüksiz işläp dur.

Kärhanada şu günki günde 800 hünärmen zähmet çekýär. Täze açyljak bölüm ýene-de ýüze golaý iş ýerlerini döretmäge mümkinçilik berer.