Ï Bugdaý hasylyny ýygnamak möwsümini guramaçylykly geçirmeklik Döwlet toparyna tabşyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bugdaý hasylyny ýygnamak möwsümini guramaçylykly geçirmeklik Döwlet toparyna tabşyryldy

view-icon 828
Türkmenistanda 2012-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi. Gol çekilen resminama laýyklykda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda we ýokary derejede guralmagyny üpjün etmeklik Döwlet toparynyň üstüne ýüklenilýär.

Şeýle hem resminama laýyklykda;

Oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň „Türkmenobahyzmat“ assosiasiýasy ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talaba laýyk gurnap, orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmeli.

Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligi galla önümleri baradaky „Türkmengallaönümleri“ assosiasiýasy bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmeli.

Resminama laýyklykda;

Galla önümleri baradaky „Türkmengallaönümleri “ assosiasiýasyna bugdaýy kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga; we ministrliklere we pudak edaralaryna Galla önümleri baradaky „Türkmengallaönümleri “ assosiasiýasynyň kärhanalary bilen galla hasylyny meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara daşamak üçin baglaşylan şertnamalar esasynda zerur bolan nebit önümlerini olara 2012-nji ýyl üçin bölünip berlen çäkli möçberleriň hasabyna sarp etmäge ygtyýar berilýär.