Balkan welaýatynyň galla meýdany 80 müň gektar meýdany tutýar. Galla esasan hem welaýatyň Garagum derýasynyň zolagynda ýerleşýän Bereket we Serdar etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýylyň baharynyň amatly gelmegi güýzlük däne ekilen meýdanlarynyň ähli ýerinde oňat hilli gögeriş almaga şert döretdi, häzirki wagtda bugdaýlar we beýleki däneli ekinler oňat hilli boý alýarlar. Häzirki wagtda welaýatda öňde duran orak möwsümine taýýarlyk görmek işleri giňden ýaýbaňlandyryldy.
Welaýatyň esasy bugdaý ekýän etraby bolan Serdar etrabynyň daýhanlary şu ýyl 54 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler. Munuň üçin etrapda ähli mümkinçilikler döredilendir: ekinleri suwarmak we olary dökünler bilen iýmitlendirmek işleri öz wagtynda geçirildi, hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin agrotehnikanyň ähli talaplary berjaý edildi.
„Balkanobahyzmat“ paýdarlar jemgyýetiniň tehniki bölüminiň müdiri Sapar Saparowyň belleýşi ýaly, oňat hilli hasyl ösdürilip ýetişdirilýär, orak möwsümi hem uzakda däl. Häzirki güne çenli däne orýan kombaýnlaryň ýüzden gowragy badalga berilmegine taýýar edilip goýuldy. Bugdaý orulýan günlerinde tehnika üç çalşyk esasynda togtadylmazdan gije-gündiziň dowamynda işlediler. Tehniki hyzmatlar we ýangyç-çalgy ýaglary bilen üpjün etmek işleri gönüden-göni iş üstünde amala aşyrylar. Orak möwsümi döwründe kombaýnlary abatlamak we mehanizatorlaryň oňat hilli dýnç almaklary üçin zerur bolan şertleriň ählisi dörediler.
Ýaňy-ýakynda welaýatyň oba hojalyk tehnikasynyň üsti MTZ-82-1 we MTZ-80h traktorlarynyň täze tapgyry bilen ýetirildi. Bu täze tehnikalar eýýäm gowaça meýdanlarynda ulanylýar. Häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda gowaçalary dökün bilen iýmitlendirmek işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Güýz aýlaryna çenli gowaça ýeterlik derejede gün şöhlesini alar. Bu bolsa 2012-nji ýylyň „ak altynynyň“ süým toplamagy üçin gerek bolan zerur şertleriň biridir.