Ï Mallaradan owlak-guzy almak möwsümi üstünlikli tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mallaradan owlak-guzy almak möwsümi üstünlikli tamamlandy

view-icon 1020
„Türkmenmallary“ maldarçylyk paýdarlar jemgyýetiniň hojalyklarynda guzylara hil taýdan baha bermek ýa-da guzylary seçip almak tamamlandy. Onuň dowamynda alynan ýaş mallaryň tohumçylyk aýratynlyklary göz öňünde tutuldy. Mallardan owlak-guzy almak möwsümi tamamlanandan soň goýun sürüleri tomusky öri meýdanlaryna göýberilýär.

Şu baharda „Türkmenmallary“ assosiasiýasyynyň dowardarçylyk hojalyklary ene goýunlardan 753 müň sany guzy alyp, mallaradan owlak-guzy almak möwsümini üstünlikli tamamladylar. Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň „Çemenabat“ daýhan birleşigi we Tagtabazar etrabynyň „Maldar“ paýdarlar jemgyýeti, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň „Dagly“ we täze döredilen Döwletli etrabynyň „Amyderýa“ daýhan birleşikleri, şeýle hem Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň „Arkaç“ daýhan birleşigi bu möwsümde öňde baryjy bolmagy başardylar.

„Türkmenmallary“ assosiasiýasynyň maldarçylyk daýhan birleşikleriniň 86-ndan 59-sy goýunlaryň saryja we garaköli tohumlaryny ösdürip ýetişdirýärler.