Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 723
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Russiýadan, Owganystandan we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen A-80 we A-92 belgili awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, mazudy we KT-2 belgili tehniki kerosini, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 belgili mazudy, Owganystandan we Makedoniýadan gelen telekeçiler bolsa suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” döwlet konserni) satyn aldylar. Şeýle-de dürli ölçegdäki reňkli we tüýjümek elsüpürgiçler, nah ýüplük, süýümli ülük ýerlenildi. Olary Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Şweýsariýadan, Ukrainadan, Wirgin hem-de Seýşel adalaryndan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 108 million 584 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýeden, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gonkongdan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan, Gruziýadan gelen telekeçiler jemi 12 million 826 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi, arassalanan pagta ýagyny, aşgarlanmadyk matalary we nah ýüplügiň galyndylaryny satyn aldylar.