Häzirki zaman ýagyş görnüşinde suwaryş ulgamy Lebap welaýatynda Ýylgynagyz giňişliginiň ekin meýdanlarynda ilkinji gezek ornaşdyrylýar. Suwarmak üçin suw Ýylgynagyz maşyn kanalyndan gelýär. Onuň ýakynynda bolsa suw howdany döredildi. Onuň kenarynda uly bolmadyk suw sorujy beket guruldy. Bu ýerden polietilen suw geçrijiler arkaly güýçli basyş zerarly suw 3 metr belentlige çykýar, soňra gidrantlar arkaly- göniden-göni emeli ýagyş döredýän enjamlara barýar.
Geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri her biri 25 gektar bolan iki sany ekin meýdanynda tygşytly usulda wegetasion suwaryşlar geçirilýär. Özi ýöreýän enjamyň kuwwatlylygy bir sagatda bir gektary suwarmaga şert döredýär. Şunlukda bu sebitler üçin aýratyn gymmatly bolan suwy uly göwrümde tygşytlamak gazanylýar, topraga artykmaç suw gitmeýär. Lebap welaýaty üçin täzelik bolan bu enjamyň netijeliligini şu ýyl bol hasyla garaşylýan ekinleriň ýagdaýyndan hem görmek bolýar.
Döwletli etrabynyň çäklerindäki bu tarp ýerler Serdarabat etrabynyň „Lebap“ daýhan birleşigine uzak möhletleýin kärendesine berildi. Ol bolsa, öz nobatynda, bu ýerleri baglaşylan şertnama laýyklykda „Ýunus - daýhan“ daýhan hojalygyna berdi. Ynha indi eýýäm alty ýyl bäri bu telekeçilik hojalygy bu ýerde çüýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirýär hem-de her gektardan 30 sentnerden geçirip ak bugdaý almagy başarýar. Bu bolsa şertnamalaýyn borçnamada görkezilenden ep-esli köpdür. Bu tarp ýerlerde ýurdymyzda işlenilip taýýarlanylan bugdaýyň „Bitaraplyk“ görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.
Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Ýunus Abdyllaýewiň belleýşi ýaly, emeli ýagşy döredýän enjamlaryň ikisi bankdan alynan ýeňilleşdirilen karz puluň esasynda alyndy. Serişdeleri tygşytlaýjy tenologiýalary peýdalanmagyň netijelidigini wagt görkezdi. Bu hojalyk özlerine berkidilen 150 gektar bugdaý meýdanynyň ählisini suwarmagyň ýagyş görnüşine geçirmek maksady bilen, geljek iki ýylyň dowamynda emeli ýagşy döredýän enjamlaryň ýene-de dördüsini almagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem kärendeçi telekeçiler boş ýatan alaňlary özleşdirip, ol ýerlerde onlarça gektarda miweli baglary damjalaýyn usulda suwarmagy göz öňünde tutýarlar.
„Ýunus - daýhan“ daýhan hojalygy bankdan alynan ýeňilleşdirilen karz pula gerek bolan enjamlary we ýumurtga berýän towuklaryň 5 müňüsini satyn alyp, Lebapda ilkinji bolup senagat esasynda guşçuluk fermasyny döretdi. Kärendeçiler tarp ýerli Ýylgynagyzda şeýle köp mukdardaky guşlary ýeterlik derejede we ýokumly iýmler bilen iýmtlendirmek maksady bilen, güýzlük bugdaýynyň orak möwsümi tamamlanandan soň boşan ýerlere aralyk ekin hökmünde daryny ösdürip ýetişdirmegi maksat edinýärler.