Ï Ýerasty suw ýataklaryna gözegçilik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýerasty suw ýataklaryna gözegçilik

view-icon 1021
„Türkmengeologiýa“ döwlet korporasiýasy ýerasty suw ýataklaryna gözegçiligi amala aşyrýan gullugy döredýär. „Türkmengeologiýa“ döwlet korporasiýasy hakyndaky Düzgünnama we onuň merkezi diwanynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda Korporasiýanyň ýanynda geologiýa babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy bolan, ýerasty suw ýataklaryna gözegçiligi amala aşyrýan hojalyk hasaplaşygyndaky Döwlet geologiýa-gözegçilik gullugy dörediler.

Bu täze gulluk „Türkmengeologiýa“ korporasiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ony girdejili pudaga öwürmek, şeýle hem geologiýa-gözleg işlerini halkara standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen döredilýär.

Resminama laýyklykda „Türkmengeologiýa“ döwlet korporasisyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde işläp taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.