Ï Garlykda gurulýan täze desga
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garlykda gurulýan täze desga

view-icon 869
Lebap welaýatynda gurulýan sement zawody her günde ýokary hilli portland sementiniň 400, 500 görnüşleriniň üç müň tonnasyny we her ýylda million tonna semendi öndürer. Ýokary berkligi bilen tapawutlanýan portland zementden daşary hem bu kärhana nebit we gaz pudagy üçin gerek bolan tamponaž sementini öndürer, şeýle hem bu ýerde suw tehniki desgalarynda ulanylýan sulfata garşy durýan sement öndüriler.


Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bolan wagtynda täze önümçiligiň ekologiki taýdan howpsuzlygynyň üpjün edilmelidigini, mundan hem başga daşky gurşawy goramagyň ähli talaplaryna laýyk gelmelidigini, bu ýerde işlejek adamlar üçin ähli amatlyklary bolan zähmet we durmuş şertleriniň döredilmelidiginiň möhümdigini aýratyn nygtap geçdi. Hormatly Prezidentiň tabşyryklary Köýtendagyň eteginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançalarynda üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän awtomatlaşdyrylan bu iri kärhananyň gurluşyk işleri „Polimeks“ türk kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar. Şeýle hem bu kärhana geljekde ýurdyň dag magdanlary senagatynyň iri kärhanalarynyň biri bioljak - kaliý dökünlerini öndürýän kärhananyň hem-de çig mal ýataklarynyň edil golaýynda ýerleşýär. Bu kärhana demir ýoly çekildi, geljegi uly bolan awtomobil ýoly gurulýar.


Täze kärhananyň turbalary bu ýeriniň ýerli landşagty bilen oňaýly sazlaşýar. Onuň Köýtendagynyň gerişlerine ýalkym saçýan demir gurluşlary bu ýerde dürli binalaryň: sement önümçiligini guramak üçin zerur bolan sehleriň, ammarlaryň, mäjumlajy başnaýalaryň, degirmenleriň, owradyjylaryň, bişiriji peçleriň, lukmançylyk nokadynyň,ussahanalaryň we beýleki desgalaryň binalary emele gelýär. Gurluşyk senagatynyň geljekki kärhansyanyň eýelejek uly çäkleriniň hemme ýerlerinde esasy tehnologiki we kömekçi enjamlary gurnama işleri alnyp barylýar, edara binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, lukmançylyk nokadynyň, ussahanasynyň we beýleki durmuş ähmiýetli binalaryň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar. Bu ýerde işlejekler üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, sport meýdançalary gurular

Şu günler bu kärhananyň desgalarynda türkmen işçileriniň we daşary ýurtly hünärmenleriň iki müňe golaýy zähmet çekýär. Olar demir gurluşlary ýygnaýarlar we klinkeri saklamak üçin niýetlenen ammarda, taýýar önümler üçin silosda enjamlary oturdýarlar, degirmenleri iş bilen üpjün etjek ulgamy düzýärler, hek daşynyň we demir magdanyň ammarynyň konstruktiw böleklerini ýygnamak işleri alnyp barylýar, bunkerler we owradyjy enjamlar, bişiriji peçler üçin çig maly berýän ulgam we beýleki enjamlar oturdylýar.

Merkezi dolandyryş pultynyň oturdyljak binasynyň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar. Bu nokatdan sementi taýýarlamak işlerini dolandyrmak we gözegçilik etmek işleri amala aşyrylar. Önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylmagy netijesinde tehnologiki işleri bary-ýogy üç hünärmen – inžener we iki sany ussa-tehnolog dolandyrar.


Geljekki kärhananyň töwereginde hem işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Suw sorjynyň we Kelif şäherçesinden uzunlygy 26 kilometr bolan daşky suw geçirijisiniň gurluşyk işleri tamamlanyp barýar. Bu suw geçirijisi sement zawodyny we kaliý kombinatyny tehnologiki işleri ýerine ýetirmek üçin gerek bolan suw bilen üpjün eder. Kärhananyň çäklerinden demir ýol bekedine çenli sementi daşamak üçin demir ýol çekmek işleri tamamlandy. Gara ýoluň gurluşygyna başlanyldy. Bu bolsa çig mallaryň köp bölegini - hek daşyny, toýuny, gipsi ýerli känlerden kärhana awtoulaglar bilen daşamakda uly ähmiýete eýedir.

Önümçilik işe başlandan soň bu kärhana täze iş orunlary bilen üpjün eder hem-de ýurdyň, welaýatyň we etrabyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam eder.