Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 833
Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Owganystandan, Özbegistandan, Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, A-80 kysymly awtomobil benzinini, tehniki kükürdi, polipropileni satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzin we dizel ýangyjy Kiprden we Owganystandan gelen işewürleriň saýlap alan önümi boldy. Owganystanly telekeçiler şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna çig ýagly kislotalar, aşgarlanmadyk tüýjümek matalar, nah ýüplükler, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Beýik, Britaniýa, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Koreýa Respublikasy, Türkiýe, Eýran, Gyrgyzystan, Seýşel adalary. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 64 million 154 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Hindistanyň, Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri pagta ýagyny, nah ýüplügi we matalary, polipropilen gaplary, mebel pamygyny, dürli görnüşli süýjüleri,

dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 15 million 679 müň manada deň boldy.