Ï Bol hasyl ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bol hasyl ugrunda

view-icon 674
Golaý wagtda ýurdyň 860 müň gektar bugdaý ekilen meýdanlarynda galla oragyna badalga beriler. Daýhanlar 1 million 600 müň däne ýygnamagy maksat edinýärler.

„Türkmenobahyzmat“ Assosiasiýasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, dünýäde iň gowy oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän kompaniýalarynyň däne orýan kombaýnlarynyň 2 müň töweregi möwsüme taýýar ýagdaýynda goýuldy. Hyzmat ediş işlerini ýerine ýetirmek üçin ýöriteleşdirilen tehnika, şeýle hem dizel ýangyjy bilen yzygiderli üpjün etmek üçin ýangyç çekýän ulagalar taýýar edildi. Gallaçylaryň we mehanizatorlaryň oňat hilli iýmitlenmekleri we dýnç almaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredildi.

Galla oragyna ilkinji bolup ýurduň günorta sebitleri bolan Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň daýhanlary ilkinji bolup girişiler. Bugdaý Ahal welaýatynda iň köp meýdana – 225 müň gektar meýdana ekildi. Mary welaýatynda – 200 müň gektar, Daşoguz welaýatynda – 180 müň gektar, Lebap welaýatynda – 175 müň gektar, Balkan welaýatynda – 80 müň gektar meýdana ekildi.

Türkmenistanda däp bolşy ýaly, bugdaýyň ýumşak hilleri bolan „Batko“, „Sähraýy“, „Ýolöten-1“, „Bitarap“, „Juwan“ görnüşleri ekilýär, şeýle hem aş önümlerini taýýarlamakda ulanylýan bugdaýyň gaty hillisi bolan „Türkmenbaşy-1“ görnüşi ekilýär.