Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 799
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy.

Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny we gidroarassalanan dizel ýangyjyny, dürli belgili awto benzini, mazudy, SN-180 belgili ýagy, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýadan, Eýrandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler bolsa “Türkmenhimiýa” DK-nyň önümi bolan “A” belgili tehniki ýody we tehniki uglerody satyn aldylar. Şeýle-de dürli ölçegdäki reňkli we tüýjümek elsüpürgiçler, 2010-njy ýylda öndürilen bugdaý, aşgarlanmadyk matalar, nah ýüplük, garaköli ýüňi, pagta-süým, pagta linti daşary ýurt walýutasyna ýerlenildi. Olary Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Owganystandan, Polşadan, Ukrainadan, Wirgin we Marşall adalaryndan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 175 million 294 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Eýrandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan we Gruziýadan gelen telekeçiler jemi 26 million 839 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, dürli görnüşdäki süýji-köke önümlerini, dürli ölçegdäki reňkli we tüýjümek elsüpürgiçleri, aşgarlanmadyk tüýjümek matalary we ýüpek-çig malyny satyn aldylar.