Şu gün, 26-njy maýda Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň düýnki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berdi we gallaçylara däne önümçiliginiň möçberlerini artldyrmakda uly üstünlikler arzuw etdi. Milli Liderimiziň tabşyryşy ýaly, türkmen halkynyň asylly dessuryna görä orak möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berildi.
Şu ýyl gallaçylarymyz 860 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnarlar. Ahal welaýatynyň gallaçylary 450 müň tonna hasyl almak ugrunda göreşerler. Möwsümde Mary welaýatynda 380 müň, Lebapda 350 müň, Daşoguzda 300 müň, Balkan welaýatynda bolsa 120 müň tonna galla ýygnalar. Mälim bolşy ýaly, bugdaý ekilen meýdanlaryň köpüsine dänäniň ýokary hasylly “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Batko”, “Ýubileýnaýa-100”, “Bitarap”, “Juwan”, “Türkmenbaşy-1” we “Türkmenbaşy” ýaly görnüşleri ekildi.
“Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynda TDH-nyň habarçysyna maglumat bermeklerine görä, şu ýylky orak möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça “Keýs”, “Jon Dir”, “Klaas”, “Nýu Holland” kysymly ýokary öndürijilikli däne ýygyjy kombaýnlaryň 2 müňe ýgolaýy işlediler. Tehnikalaryň bökdençsiz işlemegi üçin ähi zerur şertler, şol sanda tehniki hyzmat toparlarynyň 380-ne golaýy döredildi. Mundan başga-da meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşyjylary gyzgyn nahar bilen üpjün etmek ýola goýlar.
“Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, ýörite barlaghanalar bilen üpjün edilen 158 sany kabul ediş merkezleri taýýar edildi. Olarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň wekilleri bu ýere gelip gowuşýan dänäniň hilini kesgitlärler. 6 müňe golaý ýörite enjamlaşdyrylan awtoulaglary, şol sanda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň hem-de “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň we beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýük ulaglary, şeýle hem şertnama esasynda işleýän hususy ýük maşynlary ýygylan dänäni kabul ediş merkezlerine bjkdençsiz daşarlar.
“Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň galla taýýarlaýjylary bilen hasaplaşyklary bökdençsiz alyp bararlar.
Öňdebaryjy gallaçy kärendeçileri, mülkdarlary, kombaýnçylary we sürüjileri höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we ýurdumyzyň Uruş weteranlary guramasynyň Merkezi Geňeşleri, “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankynyň müdirligi, “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy, “Galkynyş”, “Nesil” we “Bereketlt toprak” gazetleri bilelikde däp bolan bäsleşigi yglan etdiler.
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň “Bereket”, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç”, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň “Ýeňiş”, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Aşgabat” daýhan birleşiklerinde galla oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, “Türkmengallaönümleri” we “Türkmenobahyzmat” assosiasiýalarynyň bölümleriniň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Suw hojalyk ministrliginiň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda galla oragynyň başlanmagy mynasybetli önümçilik maslahatlary geçirildi. Daşoguz welaýatynda bolsa sebitiň tebigy – howa şertleri nazarda tutulyp, biraz gijiräk, ýagny 13-nji iýunda Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginde şunuň ýaly maslahat geçiriler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, orak möwsümini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň meseleleri hem-de uly zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly ýygnamakda anyk we sazlaşykly işiň üpjün edilmegi, kombaýnçylar hem-de mehanizatorlar üçin zerur bolan zähmet hem-de dynç alyş şertleriň döredilmegi möwsümiň esasy meseleleri bolup durýar.
Bu ýere ýygnananlar oba zähmetkeşleri üçin yzygilderli alada edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özleri üçin döredilýän durmuş hem-de zähmet şertlerine Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna, ýurtda azyk bolçulygynyň mundan beýläk-de yzygiderli üpjün edilmegine mynasyp zähmetleri bilen goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň gallaçylyk pudagy Türkmenistanyň halk hojalygynyň eksport ulgamyny ugur edinýän pudaga öwrüldi.
Pudaklaýyn maslahatlar tamamlanandan soň, asylly däbe görä, hormatly ýaşulular aýat-töwir okadylar we möwsümiň başlanmagyna ak pata berdiler. Soňra ýurdumyzyň ýaşululary körpelerden orak alyp, “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” ýaly hoşniýetli arzuwlar bilen ýetişen dänäni ordular we bugdaý desselerini kombaýnçylara gowşurdylar.
Şanly waka mynasybetli bugdaý meýdanlarynyň başynda möwsümiň başlanmagynyň hormatyna ýörite sergiler guraldy. Olarda oba hojalyk önümleriniň birnäçe görnüşleri, çörek-bulka önümleri, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, sebitleroiň muzeýleriniň gaznalarynda saklanýan ekerançylaryň gadymy zähmet gurallary görkezildi. Şeýle hem şol ýerde artistleriň, aýdymçylaryň, tans hem-de foklor toparldarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň kabul ediş nokatlarynyň gapylary giňden açyldy we 2012-nji ýylyň galla hasylynyň ilkinji tonnalary gelip başlady.
Bu şanly wakanyň hormatyna, Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.