Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmenistanyň dokma senagatynyň ýeten sepgitleri we geljegi” atly halkara sergisi açylýar. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň bu iri pudaklaýyn gözden geçirilişi her ýyl bellenilýän Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanylyp geçirilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudaklarynyň biriniň işgärleriniň hormatyna döredilen dokmaçylaryň bu baýramçylygy, däp bolşy ýaly, iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýär. Bu şanly senä bagyşlanan baýramçylyk çäreleri – duşuşyklar we sergiler, dürli bäsleşikler we aýdym-saz dabaralary ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, her bir künjegini gurşap aldy. Şu günlerde dokma kärhanalarynyň ählisinde önümçiligiň öňdebaryjylaryna, tikinçilere we dokmaçylara, el işleriniň ussatlaryna uly hormat-sarpa goýulýar. Munuň özi döwletimiz we ähli halkymyz tarapyndan olaryň hünär ussatlygyna, bitiren hyzmatlaryna, Watanymyz üçin örän möhüm bolan tutanýerli zähmetine bildirilýän sarpanyň aýdyň subutnamasylyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagaty gaýtadan işleýän senagatyň okgunly ösmeginiň aýdyň nusgasydyr. Ol gysga döwrüň içinde eksport ugurly möhüm pudaklaryň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamynda kuwwatly önümçilik düzümi döredildi. Häzir onda 70-den gowrak desga, şol sanda iň täze enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman dokma toplumlarynyň we kärhanalarynyň 30-dan gowragy bar. Türkmenistanlylaryň 30 müňden gowragy häzir pagta egriji, dokma, trikotaž, tikinçilik we ýüpek önümçiliklerinde işläp, ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini öndürýärler. Şol önümler bolsa dünýäniň beýleki önüm öndürijileriniň harytlary bilen üstünlikli bäsleşmäge ukyplydyr.
Diňe geçen, 2011-nji ýylyň dowamynda dokma kärhanalary tarapyndan 105 müň tonna ýüplük, 158 million inedördül metr mata, 251 million manatlyk taýýar önümler öndürilip, şondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini 121 göterim üpjün edildi. Bu önümleriň köp bölegi – ýüplükler, nah matalar we jinsiler, trikotaž we sütükli matalar, şeýle hem tikinçilik önümleri, ýüpek süýümi türkmen eksportunyň saldamly bölegini tutup, olar tebigy materiallaryň arassalygy, tehnologik hili we ajaýyp bezegi bilen daşary ýurtly alyjylaryň ünsüni özlerine çekýärler.
2011-nji ýylda biziň ýurdumyzyň dünýä bazarlaryna iberen dokma önümleriniň möçberi 810 million manada barabar boldy. Pudagyň ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwaty, onuň innowasion tehnologiýalara ugrukdyrylmagy, özara bähbitli, ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi mundan buýana-da bu pudagyň okgunly ösmegini kesgitleýär. Eýýäm häzirki gün ol dünýä bazarynda möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçirilýän halkara sergisine gatnaşyjylar, myhmanlar we oňa syn etmäge gelýänler muňa aýdyň göz ýetirip bilerler.
“Türkmenistanyň dokma senagatynyň ýeten sepgitleri we geljegi” atly halkara sergisi dürli dokma önümleriniň we ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hem-de hususy telekeçileriň harytlarynyň özboluşly we örän uly ekspozisiýasydyr. Bu ýerde “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgili önümleriň köp görnüşleri – pagta we ýüpek süýümi hem-de ýüplükler, matalaryň dürli görnüşleri, tikin we sowgatlyk önümleri, şeýle hem milli türkmen lybaslarynyň hem-de el işleriniň nusgalary goýlupdyp.
Üç günlük pudaklaýyn gözden geçirilişiň barşynda daşary ýurtly gatnaşyjylar tarapyndan dokma kärhanalary üçin hödürlenilýän iň häzirki zaman enjamlarynyň we nou-haularyň köp sanly tanyşdyrylyş dabaralary geçiriler. Şu sergä Ýewropanyň we Aziýanyň 19 ýurdundan, şeýle hem ABŞ-dan esasy kompaniýalaryň we firmalaryň 70-den gowragynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşarlar. Olaryň arasynda türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly tejribe toplan, şeýle hem biziň bazarymyzda işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän täze kompaniýalar bar.
Myhmanlaryň hatarynda moda ulgamynyň ussat we meşhur wekilleri Walentin Ýudaşkiniň (Russiýa), Ýyldyrym Maýrugyň (Türkiýe) we Karalaý Nurkadilowanyň (Gazagystan) bolmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýüniň “Gülzaman” salony bilen bilelikde taýýarlan haýran galdyryjy şüweleňiniň dokma sergisiniň üstüni ýetirjekdigini bellemelidiris. Türkmen dizaýnerleri täsin milli egin-eşikleriň nusgalaryny we häzirki zaman ýörelgelerini özünde birleşdirýän täze lybaslary hödürlärler. Modalaryň görkezilişine daşary ýurtlardan gelen, atlary bütin dünýäde meşhur bolan moda ussatlarynyň gatnaşmagy bolsa bu wakanyň ähmiýetini has-da artdyrar.
Ertir, serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda ylmy maslahat geçiriler. Onda özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky gürrüň dowam etdiriler.
Şeýlelikde, şu gün sergi köşgünde başlanýan halkara sergisi we maslahat gyzyklanma bildirilýän meseleleriň ençemesi boýunça işjeň pikir alyşmak, özleriniň önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň, kompaniýalaryň wekilleriniň we hususy telekeçileriň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
senagatynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary meşhur ýerine ýetirijileriň gatnaşmagyndaky uly konsert bilen tamamlanar. Agşam “Altyn asyr” seýilgähinde geçiriljek bu konserte dabaraly forumlara gatnaşyjylaryň ählisi, şeýle hem aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşarlar.