Ï Söwda merkezi daşky keşbini üýtgedýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Söwda merkezi daşky keşbini üýtgedýär

view-icon 793
Aşgabat şäheriniň „Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy“ söwda merkezi häzirki zaman söwda we hyzmat ediş ýerine öwrüler. Bu binanyň durkuny täzelemek işleriniň birinji tapgyrynda bu ýerde işleýän dükanlaryň işleýiş kadalaryny ýene-de birnäçe aýlap bozmaz.


Bu taslamany „Myradym“ hususy kärhanasynyň we „Eziz doganlar“ hojalyk jemgyýetiniň binýatlarynda döredilen konsorsiumy (bileleşigi) amala aşyrýar. Taýýar söwda toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň eýeçiligine geçer.

„Myradym“ hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Döwran Hudaýberdiýewiň aýdyşy ýaly, häzirki hereket edýän söwda merkezi onuň golaýyndaky binalar bilen birleşdiriler. 40 müň inedördül meýdanda dükanlardan we kafelerden başga hem birnäçe restoranlar, pul çalşylýan nokat, dermanhanalar peýda bolar. Guruljak eskalatorlar we liftler hem bu ýeriniň täzelikleriniň biri bolar diýip, Döwran belleýär.


Söwda merkeziniň ýakynynda awtoulag duralgalarynyň ikisini gurmak göz öňünde tutulýar. Olaryň biri 240 awtoulag ýerleşýän 4 gatly ýapyk bina bolar. Bu binanyň birinji gatynda awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlary satylýan dükanlar ýerleşer.

Gurluşyk işlerine bir ýarym müňe çenli adam gatnaşar. Işleriň hil taýdan ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we guramalarynyň birbada birnäçesi, şol sanda Tebigaty goramak ministrligi, Gurluşyk we gurluşyk senagaty ministrligi gözegçilik ederler.


Desgany 2014-nji ýylyň ýaz aýynda tabşyrmak bellenildi.