Ï Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt - çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt - çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy

view-icon 700
ABŞ-dan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Kiprden we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen A-80 kysymly awtoulag benzinini, uçar ýangyjyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit koksyny satyn aldylar. Daşary ýurt puluna şeýle hem dürli ölçegdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalar, boýalan tüýjümek önümler, azyklyk däne, dokalan ýörediji gaýyş, pagta süýümi, pagta galyndylary, daralan ýüň satyldy. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Belgiýa, Ukraina, Beliz, Owganystan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 132 million 123 müň dollaryndan geçdi.

Depozit manat serişdelerine ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Ukrainanyň, Kipriň, Owganystanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli ölçegdäki tekiz boýalan we žakkard tüýjümek polotensalary, konditer önümlerini, arassalanan pagta ýagyny, trikotaž önümlerini, hojalyk sabynyny, nah matalary we ýüplükleri, ýuwulan garaköli ýüňüni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 11 million 807 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 200 müň manatlyk däne satyn aldylar.