Ýurdyň 550 müň gektar meýdanyny tutýan gowaça meýndanlarynda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Gowaçalary zyýanly mör-möjeklerden goramakda pagtaçy daýhanlara gowaçalaryň bütin ösüş döwründe zyýanly mör-möjekler bilen göreşmek üçin ekin meýdanlaryna göýberilýän altyn gözlüje, trihogramma, gabrobrakon ýaly peýdaly mör-möjekler kömek berýärler. Şular ýaly biologiki usul eýýäm köp ýyllaryň iş tejribesinde synagdan geçirildi.
Şu ýyl ekinleri şular ýaly biogoragçylar bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek üçin peýdaly mör-möjekler köpeldilýän biofabrikleriň we biobarlaghanalarynyň dört ýüze golaýy işleýär. Biokärhanalarynyň iň köp sanlysy – 141-si ýurdyň iň köp pagta öndürýän sebitleriniň biri bolan Lebap welaýatynda ýerleşýär. Şeýle kärhanalaryň 124-si Daşoguz welaýatynda, 58-si Mary welaýatynda, 52-si Ahal welaýatynda, 4-si Balkan welaýatynda işleýär.
Şeýle çäreleriň gowaçalara ösüş suwuny bermek, hatar aralaryny bejermek, gowaçalary dökün bilen iýmitlendirmek bilen bir hatarda toplumlaýyn geçirilmegi geljekki bol hasylyň düýbüniň oňat hilli tutulmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Bu gymmat bahaly oba hojalyk ekinini ýygnamak işlerine tomusyň ahyrky aýynda girişiler. Däp bolşy ýaly, ýurduň günorta sebitleri bolan Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygmak işlerine ilkinjileriň hatarynda badalga beriler. Türkmen „ak altyn“ ussatlary şu ýyl 1 million 109 müň pagta ýygnamagy maksat edinýärler.