Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, A-80 belgili awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini we mazudy, Täjigistandan gelen telekeçiler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle-de nah ýüplük, garaköli goýunlaryň ýüňi, pagta-süým, pagta delintiniň galyndylary, gara mallaryň we dowarlaryň derileri daşary ýurt walýutasyna ýerlenildi. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Gonkongdan, Şweýsariýadan, Polşadan, Türkiýeden, Wirgin adalaryndan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 77 million 240 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Hytaýdan, Russiýadan, Amerikan Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Kiprden, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi 8 million 900 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, garaköli goýunlaryň ýüňüni, hojalyk sabynyny, nah ýüplügiň galyndylaryny satyn aldylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler 1 million 140 müň manatlyk bugdaý satyn aldylar.