Ï Senagat we syýahatçylyk merkezi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Senagat we syýahatçylyk merkezi

view-icon 1037
Köýtendag etraby senagat we syýahatçylyk merkezi bolmaga taýýarlyk görýär. Bütin ýurtda bolşy ýaly, bu ýerde durmuş-ykdysady, inženerçilik-tehniki we ulag-kommunikasion infrastrukturasy ýaly onlarça desganyň gurluşygy barha giň gerime eýe bolýar. Köýtendag etrap merkezinde, obalarda we dag eteklerinde – Bazardepede, Gurşun magdanyda, Köýtende, Hojapilde we beýleki ilatly ýerlerde eýýäm häzirki zaman multimediýa we sport mekdepleri, hemme amatlyklary bolan çagalar baglary, sport desgalary, lukmançylyk edaralary we beýleki desgalar gurulýar.


Kelif demirýol bekedinden 25-30 kilometr demirgazygyrakda magdan alyjy we himiýa senagatynyň iri kärhanasynyň gurluşygyna başlanyldy. Onuň taslama kuwwatlylygy ýylda 1400 müň tonna mineral dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Gelejekde bu täze önümçilik diňe bir ýurduň oba hojalygynyň zerurulyklaryny üpjün etmän, eýsem her ýylda million tonna çenli kaliý dökünlerini daşary ýurtlara ibermäge hem şert döreder.


Bu sebit – seýrek duş gelýän demir, mineral we himiýa maddalarynyň mesgenidir. Bu ýerdäki ätiýaçlyk gorlary 500 million kubmetre ýetýän hek daşy, örtgi plitalaryny taýýarlamak üçin örän laýyk gelýär. Bu ýerdäki ýerasty baýlyklarynyň ýakynynda gips we angidritleriň - sementiň, galyplaýjy gipsiň, gurluşyk garyndylarynyň, kükürt kislotasynyň gips we angidritleriň ýatagy ýerleşýär.


Magadanly şäheriniden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän daş duzy ýatagy has netijeli ulanylyp biliner. Bu ýerden gazylyp alynýan çig mal kalsinirlenen we kaustiki soda, hlory we himiki taýdan suwy arassalamak üçin ýaramlydyr. Köýtendag, Hojakiýa, Uzynküt ýaly ýataklarynda hem daş duzunyň epesli gorlary ýerleşýär. Bu ýerdäki duzuň onlarça million tonnasyny tehniki maksatlar we maldarçylyk pudagy üçin goşmaça iýmitlik hökmünde ulanyp bolar.

„Türkmengeologiýa“ Döwlet korporasiýasynyň Köýtendag geologiýa-gözleg ekspedisiýasynyň geologlary mis ýatagynyň, şeýle hem iki sany iri stronsiý çig malynyň – selestiniň – Arik we Sakyrtmin ýataklarynyň üstüni açdylar. Dag-magdan känlerinden 150 kilometr demirgazyk-günbatara Amyderýanyň sag kenarynyň ähli çäkleri gelejegi uly bolan uglewodorod çig mallarynyň ýatagy hökmünde baha berildi. Häzirki wagtda bu meýdanlar işjeň özleşdirilýär.


Bu sebitiň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde Gowurdak-Köýtendag sebitinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol köprüsiniň sebitine aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň kömegi bilen, hem içerki, hem daşarky ýük daşalşyny üpjün edýän köp ugurly ulag, şeýle hem Amyderýanyň sag kenarynyň mineral-çig mal serişdelerini netijeli özleşdirilýän infrastruktura döredilýär.


Gazly sebitleriň uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi bu sebitiň ykdysady ýagdaýyna epesli täsirini ýetirer. Bu ýerde mineral baýlyklardan başga hem ykdysady we durmuş taýdan gaýtadan dikeldilmegi üçin beýleki mümkinçilikleri hem bar. Köýtendag etrabynyň köp sanly tebigy ýadygärlikleri we owadan künjekleri bu ýerde halkara ekologiki syýahatçylygy ösdürmäge – sebitiň býujetiniň üstüni epesli ýetirmäge mümkinçiligi bolan girdejiniň esasy maddasynyň esasysy bolmaga şertler bar.