Ï Daşoguz welaýatynyň gallaçylary oraga girişdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň gallaçylary oraga girişdiler

view-icon 1067
Tutuş ýurdumyz boýunça barha ýokary depginlere eýe bolýan galla oragyna Daşoguz welaýatynyň gallaçylary hem goşuldylar. Welaýatda galla ekilen meýdan 180 müň gektara barabar bolup, kärendeçiler 300 müň tonna bugdaý almagy meýilleşdirýärler. Şu ýyl daşoguzly gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerinde gowy diýlip hasap edilýän bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, şeýle hem “Batko” we “Ýubileýnaýa-100” görnüşlerini ekdiler.

Şu ýyl welaýat boýunça galla oragynda kuwwatly “Keýs”, “Jon Dir” we “Klaas” kombaýnlarynyň 394-si, şeýle hem ýük ulaglarynyň 1665-si peýdalanylar. Galla oragynda işleýän tehnikalaryň bökdençsiz işini üpjün etmek maksady bilen, mehanizmleşdirilen tehniki hyzmat toparlarynyň 100-den gowragy hereket edýär. Gallaçy kärendeçileriň öndürijilikli zähmetleri we oňaýly dynç almaklary üçin ähli amatly şertler döredildi.

Sebitde kabul ediş bölüimleriniň 30-sy gije-gündiz işleýär. Olaryň hersinde “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleriniň barlaghanasy bolup, bu ýere gelip gowuşýan gallanyň hili barlanylýar. Şeýle hem welaýatda elewatorlaryň 4-si, un kombinatlarynyň bolsa 2-si täze hasyly kabul etmek üçin doly taýýarlanyldy.

Gallaçylar bilen hasaplaşyk işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki şahamçalarynda dessine amala aşyrylar. Olarda taýýarlaýyş bölümlerine eltilen galla üçin töleg işleri bökdençsiz geçirdiler.

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň “Ak saraý” daýhan birleşiginde galla oragynyň başlanmagy mynasybetli önümçilik maslahaty geçirildi. Oňa welaýatyň we etraplaryň häkimlikleriniň, “Türkmengallaönümleri” we “Türkmenobahyzmat” assosiasiýalarynyň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, ýurdumyzyň Suw hojalyk ministrliginiň, welaýatyň daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, agronomlar, mehanizatorlar, gallaçy- kärendeçiler, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda galla oragyny öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek hem-de anyk we sazlaşykly işi üpjün etmek, oraga gatnaşyjylaryň ählisi üçin zerur bolan zähmet hem-de dynç alyş şertlerini döretmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize özleriniň yhlasly zähmetleri bilen ýurdumyzda azyk bolçulygyny döredýän, halkymyzyň abadançylygyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan oba zähmetkeşleriniň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Maslahat tamamlanandan soň, asyrlar aşyp gelýän asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan galla oragynyň üstünlikli geçmegini diläp, aýat-töwir okadylar we ellerine orak alyp “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýip oran bugdaý desselerini kombaýnçylara gowşurdylar. Olar özleriniň erk edýän ýokary öndürijilikli tehnikalary bilen orak möwsümine girişdiler.

Şeýle hem bu ýerdäki bugdaýly meýdanlaryň ýakasynda oba hojalyk tehnikasynyň we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümleri görkezildi. Olarda gök we bakja, çörek-bulka we konditer önümleri, häzirki zaman tehnikalary, şeýle hem ekerançylaryň gadymy zähmet gurallary bar. Welaýatyň estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileri, tans we folklor toparlary özleriniň aýdym-sazly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Şu gün Daşoguz welaýatynyň galla kabul edýän bölümlerine dänäniň ilkinji tonnalary gelip gowuşdy.

Bu şanly waka mynasybetli, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.