„Dragon Oýl (Türkmenistan)“ nebit çykaryp almak boýunça halkara kompaniýasynyň türkmen bazarynda 12 ýyl işlemeginiň dowamynda nebitiň bir gije-gündiziň dowamynda gazylyp alynýan mukdary 10 esseden hem gowrak artdy. Gazylyp alynýan çig malyň möçberiniň durnukly artdyrylmagy bilen bir hatarda „Çeleken“ şertnamalaýyn çäkleriniň ýalpak zolaklarynda kompaniýanyň önümçilik gurluşy çalt depginlerde giňeldilýär we kämilleşdirilýär.
Kompaniýa tarapyndan kärendisine alynan Hazar deňiz duralgasynyň esasy we ulanyş deňiz stasionar platformasy modul ýygnama boýunça gurluşyk-gurnama meýdançasy enjamlaşdyryldy. Şonuň bilen bir wagtda kompaniýanyň deňiz nebiti gazyp alyş desgalarynyň we senagat turba geçirijileriniň durky ekologiki howpsuzlygyň häzirki zaman tehniki hem-de halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda täzelenilýär.
Häzirki wagta çenli „Dragon Oýl“ kompaniýasy „Çeleken“ şertnamalýyn çäklerde ýataklary işläp taýýarlamaga 2,3 milliarddan gowrak ABŞ-nyň dollaryny goýdy. Bu bolsa täze guýularyň 64-sini ulanmaga bermäge, önüm çykaryjylygyny atrdyrýän guýularyň 40-synda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmäge şert döretdi. Alaja deňiz duralgasy nokadynda hebit guýujy terminalynyň durky täzelenildi, ýagny sözüň doly manysynda, ol täzeden guruldy. Häzirki wagtda deňiz duralgasynyň bu desgasy bir wagtda iki sany tankerleriň ýüküniň ýüklenilmegini we şunlukda ýük toplumynyň ýükleri daşary ýurtlara ibermek kuwwatlylygynyň artdyrylmagyny üpjün edýär.
Kompaniýa energiýa göterijileri işläp taýýarlamagy güýçlendirmek bilen bir hatarda ulanyş platformalaryny gurmak bilen ýüküni özi göterýän buraw enjamlary boýunça goşmaça bäsleşik yglan etdi. Olaryň biri - „СaspianDriller“ şu ýylyň dowamynda işe girişer.