Ruhabat etrabynyň „Ahal“ ösümlik ýaglaryny öndürýän kärhanasy ýylyň başyndan bäri 5,5 müň tonna önüm öndürdi. Kärhananyň ýokary öndürijilikli enjamlary her gije-gündüziň dowamynda 300 tonna pagta çigdini gaýtadan işlemäge şert döredýär. Şunuň hasabyna hem ýag öndürijiler her günde 46 tonna ýag we 10 tonna ýa-da gaplanan margariniň 40 müň sanysyny öndürýärler. Mundan başga hem bu kärhana ýurduň maldarlaryny şrot we şulha bilen üpjün edýärler. Ýag önümçiliginiň galyndylary (sarun) mallar üçin oňat hilli iýmit bolup durýar, ekin meýdanlary üçin dökün bolup hyzmat edýär, belok (ýokum), sellýuloza, spirt, laklar, linoleum, izolýasion önümlerini öndürmekde çig mal hökmünde ulanylýar.
Ýag öndürmek işleri gowaça çigdini gaýtadan işlemekden başlanýar. Kärhanada gowaça çigdiniň daşynyň tüýjümegini aýyrýan ýörite enjam oturdylandyr. Şunuň hasabyna hem çigidi gaýtadan işlemegiň hili gowulanýar, sykylanda we aýrylanda ýag ýitgisi az bolýar hem-de önümiň ýene-de bir görnüşi, kärhananyň Haryt-çag mal biržasynyň üsti bilen ýerleýän – delint önümi işlenilip taýýarlanylýar.
Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiýasynyň düzümine girýän bu kärhananyň ýag öndürijileriniň ýag öndürmekde ulanýan tehnologiýalary ýurduň bazarlaryny ýokary hilli durlanan önüm bilen üpjün etmäge şert döredýär. Durlaýjy tehnologiýalaryň kömegi bilen ýag garyndylardan arassalanylýär, soňra bolsa ol agardylýar (görke getirilýär). Şeýle usullar ulanylanyldan soňra ýokary gyzgynlyklarda „ýanmaýan“, zyýansyz we uzak wagtlap ulanyp bolýan önüm emele gelýär.
„Ahalyň“ öndürýän önümleriniň gaplanan çüýşelerinde „ýakymsyz ysy aýrylan“ diýen ýazgyny görmek bolýar. Bu bolsa, ýag durlanandyrylandan soňra goşmaça aýratyn ýylylykda gaýtadan işlenildi diýmegi aňladýar. Şonuň netijesinde hem oňa mahsus bolan ysa derek, ýag has ýakymly ysa eýe bolýar. Netijede bolsa, bu önüm öz düzüminde azyklyk gymmatlyklary bolan ýokumlaryň we mikroelementleriň ähli toplumyny saklaýar. Özi hem, ýagy dürli garyndylardan arassalamak üçin oranaşdyrylan enjamlaryň önümçilige gymmat düşmegi, gaplanan önümleriň uzak möhletlere niýetlenilmegi, önümleri uzak aralyga daşamaklygyň ýeňilleşdirilmegi çykdajylary artygy bilen ödeýär.
Kärhanayň ýag guýulýan we margarin ölçeýji ýeri bolan gaplaýjy bölümlerinde awtomatlaşdyrylan ulgamlary bir sagatda üç müňe golaý çüýşeli ýagy we 2 müňden gowrak gaplanan margarini taýýar önümler ammaryna ibermäge şert döredýär. „Ahal“ ösümlik ýaglaryny öndürýän kärhananyň işgärleri ýylyň ahyryna çenli ýene-de azyndan dokuz müň tonna ýokary hilli önüm öndürmegi maksat edinýärler.