Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 738
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Rumyniýadan, Kiprden we Wirgin adalaryndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, A-80 we A-92 belgili awtobenzini, polipropileni, dizel ýangyjyny, yşyklandyryş kerosinini, tehniki hem-de uçar kerosinini, Hytaýdan gelen telekeçiler “A” belgili tehniki ýody (“Turkmenhimiýa” DK), Russiýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň M-100 belgili mazudyny satyn aldylar. Şeýle-de tüýjümek matalar, nah ýüplük, pagta-süým, pagta linti, çig ýagly kislotalar daşary ýurt walýutasyna ýerlenildi. Olary Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyzystandan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 156 million 794 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Eýrandan, Owganystandan, Gyrgyzystandan we Ukrainadan gelen telekeçiler jemi 7 million 64 müň manatlykdan gowrak garaköli goýunlaryň ýüňüni, nah ýüplügi, saruny we pagta şrotuny, dürli ölçegdäki tüýjümek el süpürgiçleri hem-de regenerlenilen süými satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler 855 müň manatlyk bugdaý satyn aldylar.